Türkmenistanda adamsy adalatsyz tussag edilendendigini aýdýan Aýgözel, mundan soň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri tarapyndan zorluga we yzarlamalara sezewar edilendigini belleýär. Ol bu ýagdaýlar sebäpli, janyny halas etmek üçin, Türkmenistandan Türkiýe respublikasyna gaçmaklyga karar berdi.
Türkmenistandan gaçmagy başaran Aýgözel Ýewropa döwletleriniň çägine gelýänçä, başdan geçirenlerini Azatlyk Radiosy bilen paýlaşmagy makul bildi.
Türkmenistanda ýaşaýan hossarlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, Aýgözel öz adynyň üýtgedilmegini we ýüzüniň gizlenilmegini haýyş etdi. Türkmenistanda başyndan geçiren zorluklardan soň, yzyna dolanmak onuň üçin mümkin däl.
Abraýly halkara guramalary tarapyndan ynsan haklaryny berk basyp ýatyrmakda aýyplanýan Türkmenistanyň hökümeti on ýyllyklaryň dowamynda, dürli galp aýyplamalar esasynda, öz raýatlaryny türmelerde zorluk bilen ýitirim edýär.