Aşgabadyň günorta-günbatarynda Gökderede gurlan Janly tebigatyň milli muzeýinde haýwanlaryň halynyň alada döredýändigi, olaryň ýaramaz şertlerde saklanýandygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 8-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdiler.
“Haýwanat bagy işe girizilen ýyllarda, ýagny mundan 10-12 ýyl çemesi ozal bu ýer ýaşaýjylara dünýäniň dürli regionlaryna degişli her dürli jandarlary görmäge mümkinçilik berýärdi. Emma häzir onuň haýwanlar üçin gurlan gözenekleriniň diňe käbirinde birlän-ikilän tukat haýwanlary görse bolýar, galanlary boş dur. Haýwanlaryň görnüşi juda seýrek we olaryň sany juda az” diýip, aşgabatly ýaşaýjy haýwanat bagynda gören ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Ýakynda haýwanat bagyna baryp gören habarçylarymyz gözenekleriň käbirinde ölen jandarlaryň maslyklaryny hem görse bolýandygyny aýdýarlar.
“Diri pyşdyllaryň arasynda ölen pyşdyllaryň gatap galan jesetleri köp. Olaryň gatap we gurap galandygyna ünsi çekip, köp wagtdan bäri ýygnalyp alynmandygyny synlasa bolýandygyny aýdýarlar.” diýip, habarçymyz belledi.
Merkeziň işgärleri munuň sebäbini “jandarlaryň baş sanynyň haýwanat bagynyň resminamasynda görkezilenden az bolmaly däldigi” bilen düşündirýärler.
“Ýokardan barlagçylar gelip, pyşdyllaryň ýa-da beýleki haýwanlaryň baş sanyny barlanda, olar resminamada görkezilen bilen birmeňzeş bolmaly. Şol sebäpli ýolbaşçylarymyz ölen jandarlaryň maslyklaryny ýygnap almazlygy tabşyrýarlar” diýip, merkeziň bir işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Ol jandarlaryň ölmegine olaryň erbet şertlerde saklanmagynyň, zerur bolan howa şertleri we iýmit bilen kadaly üpjün edilmezliginiň sebäp bolýandygyny hem belleýär.
“Maýmynlaryň gyşda saklanýan otaglarynyň ýyladyş peçleri hem işlemeýär. Ýyly ülkelerden getirilen bu maýmynlar we beýleki jandarlar sowuk howada dürli dertlere uçraýarlar we wagtyň geçmegi bilen bir-birden ýa-da köpçülikleýin gyrylýarlar” diýip, merkeziň işgäri belledi.
Habarçylarymyz haýwanat bagynyň tehniki üpjünçilik ýagdaýynyň hem juda gözgynydygyny, gözenekleriň demir haýatlarynyň aşa könelendigini hem aýdýarlar.
“Olaryň köp wagt bäri ünsden düşürilendigini görse bolýar” diýip, habarçymyz belledi
Haýwanat bagynyň işgärleri merkeziň we ondaky haýwanlaryň ünsden düşürilmegine, onuň ýolbaşçysynyň ýygy-ýygydan täzelenip durmagynyň we olaryň diňe “öz jübülerini galňatmaga tagalla etmeginiň” sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
“Olar merkeze we haýwanlara goýberilýän puly öz hasaplaryna geçriýärler” diýip, merkeziň başga bir işgäri anonim şertde gürrüň berdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdýalar barada “Janly tebigatyň milli muzeýinden” telefon arkaly teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň Janly tebigatynyň milli muzeýi 2010-njy ýylda gurlup ulanylmaga berildi.
Resmi metbugatyň 2016-njy ýylda çap eden maglumatynda 40 gektardan gowrak meýdany eýeleýän bu ýerde ýabany ýyrtyjylaryň, guşlaryň we süýrenijileriň 250-den gowrak görnüşiniň ýaşaýandygy, olaryň köpüsiniň Gyzyl kitaba girizilendigi aýdylýar.
Azatlyk haýwanat bagyndaky jandarlaryň sanynyň soňky ýyllarda näçä barabar bolandygyny anyklap bilmedi. Ýöne 2010-njy ýylda muzeýde jandarlaryň 2700 görnüşiniň bardygy aýdylypdy.
Gökderedäki haýwanat bagynda haýwanlaryň sanynyň azalýandygy barada Azatlygyň habarçylary mundan alty ýyl çemesi ozal hem maglumat beripdiler. Şonda olar bu ýerde haýwanlaryň juda seýrekdigini, haýwanlar üçin gurlan gözenekleriň ençemesiniň boş durandygyny hem aýdypdylar.
Türkmen häkimiýetleri we resmi media bu ýagdaýlar barada mesele gozgap, maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.