Iordaniýanyň daşary işler ministri Aýman Safadi 4-nji awgustda, Ýakyn Gündogarda ýokarlanýan dartgynlylygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Tährana gelip, Ysraýyldan Tährana habar getirmändigini aýtdy.
Emma muňa garmazdan, ol öz seýrek saparynda aladaly sebitde "parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk" çagyryşyny etdi.
“Men Tährana Ysraýyldan Eýrana habar getirmek ýa-da tersine, Ysraýyla habar äkitmek üçin gelmedim" diýip, Palestinanyň “Sama” habar gullugy we Al-Jazeera Safadiniň aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi.
Iordaniýa goňşy Ysraýyl bilen umuman gowy gatnaşykda durýar.
"Meniň Eýrana saparym sebitdäki çynlakaý eskalasiýa, aşa gyzyşma meselesini ara alyp maslahatlaşmagy, iki ýurduň arasyndaky dürlüligi dogruçyllyk we aç-açanlyk bilen ýeňip geçmek barada ak ýürekden we açyk pikir alyşmagy nazarda tutýar" diýip, Safadi eýranly kärdeşi, daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Ali Bakeri Kani bilen Tähranda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.