Noýabr aýynyň başynda, Türkmenistanyň gazak azlyklaryna degişli bolan, häzir Gazagystanyň Almaty şäheriniň restoranlarynyň birinde gap-çanak ýuwujy bolup işleýän migrant, Türkmenistanyň ýerli häkimiýetleri tarapyndan işden boşadylanlygy hakynda gürrüň berip, Türkmenistanyň prezidentine öz sesini ýetirmek üçin, Migrant-Media taslamasyna ýüz tutdy.
Nasibanyň sözlerine görä, onuň internet ýüzlenmesinden soň, Daşoguz welaýatynyň kanun goraýjylary Türkmenistandaky garyndaşlaryny soraga çekip, Nasibanyň internet arkaly özüniň problemasyny köpçülige we Türkmenistanyň prezidentine ýetirmezligini sargapdyrlar.
Nasiba Gazagystandan Türkmenistana dolanan ýagdaýynda, ýerli kanun goraýjylar tarapyndan basyş edilmeginden howatyrlanýanlygy hakynda aýdyp, Migrant Media taslamasyna ýüzlendi.
Wideo: “Migrant Media”