Koronawirusyň dörän ýeri? Hytaýyň jedelli "Öl bazarlary"

Hytaýly polisiýa işgäri Wuhanyň 30-njy martda ýapylan deňiz önümleri satylýan bazaryny surata düşüren suratça reaksiýa bildirýär. Sag tarapdaky girelgäniň üstündäki gara bellige üns beriň.

Bazaryň girelgedäki ady örtülmezden öň, 11-nji ýanwarda düşürilen surat.

Hytaýyň Hubeý welaýatynda ýerleşýän "Öl bazary", häzirki wagtda COVID-19 ady bilen tanalýan keseliň ilkinji pidalarynyň köpüsiniň bu bazarda işländigi ýa-da oňa barandygy anyklanylandan gysga wagt soň ýapylypdy.

Pekindäki ýaly şeýle "Öl bazarlarda" balyk, et we gök önümleri ýaly täze, ter harytlar satylýar. Olaryň "Öl bazar" diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi, esasan hem her günüň ahyrynda dükanlaryň şlanglardan suw akdyrylyp ýuwulmagy bilen baglanyşykly. Bu suw ýeri köplenç öl, çyg galdyrýandygy üçin satyjylar rezin aýakgaplarda işleýärler.

Hytaýdaky we Aziýanyň çägindäki "öl bazarlaryň" köpüsinde diňe umumy gök önümler...

... ýa-da et önümleri satylýar.

Muňa garamazdan, "öl bazarlaryň" käbiri - siwet pişikleri ýaly - ekzotik haýwanlaryň söwdasyny etmekde tanalýar. 2003-nji ýylda SARS diýlip atlandyrylýan koronawirus epidemiýasy birnäçe ýurtda ýüzlerçe adamyň ölmegine sebäp boldy. Epidemiýanyň, ýarganatyň siwet pişigine ýokuşdyrmagy we ondan hem adama geçmegi netijesinde, başlandygyna ynanylýar. Hytaý häkimiýetleri 10000 töweregi siwet pişigini öldürmegi tabşyrdy.

Nanjingde bir adam towuklaryň kapasalarynyň üstünde ýatyr. Täze ýokanç keselleriň köpüsi haýwanlardan geçýär. Haýwanlaryň dürli görnüşleriniň öldürilýän bazarlary golaýda dörän wiruslaryň birnäçesiniň episentri hasaplanýar. 

Hytaýyň Ýunnan welaýatyndaky "öl bazarda" adamlar towuklary we itleri soýup arassalaýarlar. Wiruslar haýwanlardan adamlara haýwanyň demini içiňe çekmek, haýwanlaryň nejasady bilen hapalanan azygy iýmek ýa-da biologik suwuklygyň alyş-çalşygy netijesinde geçip biler. Bu gassap elini kesip işlän ýagdaýynda ýüze çykyp bilýär.

Hytaýyň Guangçžou şäherindäki "öl bazarda" öli krokodil. Şeýle haýwanlara Hytaýyň bazarlarynda seýrek duş gelse bolýar, ýöne “The Guardian” neşiri tarapyndan çap edilen bahalaryň sanawyna görä, Wuhan şäheriniň bazarynda “ýarganatlar, tilkiler, krokodiller, äpet salamanderler, ýylanlar we oklukirpiler” ýaly haýwanlaryň birnäçe ekzotik görnüşi satylýardy.