IMF ekspertleri Türkmenistanyň resmi statistikasy baradaky gapma-garşylyklar barada aýtdylar

Illýustrasiýa suraty

Halkara walýuta fondunyň (IMF) bilermenleri Türkmenistanyň hödürleýän resmi statistikasy boýunça gapma-garşylyklara we içerki önümiň ösüşi boýunça alternatiw baha ünsi çekdiler. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Halkara walýuta fondunyň ekspertleriniň içerki önümiň ösüşi boýunça ýetersiz ýa-da pes hilli maglumatlary hödürleýän ýurtlaryň degişli ösüşini gaýtadan seljeren derňewine salgylanyp habar berdi.

Maglumatda köp ýurtlarda statistikanyň ýoýulýandygy, munuň hem ösüş diýilýän sanlara täsir edýändigi bellenilýär.

Ýatlasak, mundan ozal, Halkara walýuta fondy türkmen hökümetiniň resmi statistiki sanlaryny ulanmagy bes edipdi. Pul gaznasy “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş perspektiwalary” atly soňky hasabatynda, JIÖ ösüş derejesi boýunça, Türkmenistanyň hödürleýän sanlaryny ulanmandy.

Azatlygyň bu meseleler, hususan-da yglan edilýän ösüş sanlary, önümçilik görkezijileri bilen ýerli ilatyň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň arasyndaky tapawut boýunça türkmen resmilerinden açyk ýa anonim şertde düşündiriş almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.