Ilatyň durmuşy agyrlaşýar, dilegçi çaga we olara basyş köpelýär

Türkmenistanda köçelerde plastik, kagyz toplaýan, awtoulag ýuwýan we ýük daşaýan çagalar köp duş gelýär. Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistanda hökümet tarapyndan resmi derejede boýun alynmaýan sosial-ykdysady problemalary ilat köpçüliginiň ýagdaýyndan görse bolýar. Çagalaryň ýagdaýy ilatyň uly böleginiň garyplaşmagyndan habar berýär. Häkimiýetler bu agyr meseläni çözmegiň ýerine güýç görkezýär.

Soňky günlerde paýtagtda we welaýat merkezlerinde köçede dilegçilik edýän ýa-da zibil dörüp, plastik, kagyz ýaly zatlary gözläp tabşyrýan çagalara polisiýa tarapyndan ünsüň artandygyny Azatlygyň habarçylary aýdýarlar.

"Polisiýa işgärleri bazarlada oturyp dilegçilik edýän çagalary polisiýa bölümine äkidip, ejesine ýa-da kakasy bar bolsa, kakasyna basyş görkezýär. Polisiýa maşgalalardan çagalaryna temmi bermegi talap edýär" diýip, habarçymyz 8-nji noýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat 'Bagtyýar' çagalygyň kösençli körpeligi baý ýurda 'gelişmeýär'

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan habarly çeşmeler dilegçilik edýän ýa-da işleýän çagalaryň iňňän garyp maşgalalardan bolup, olaryň hem öz iýjek çöregini şeýdip gazanýandygyny, hem-de öz maşgala agzalaryna kömek berýändigini belleýärler.

Zordan gün görýän maşgalalara basyşy artmak bilen çagalaryň diligçilikden el çekdirmegini gazanyp bolmaýar, sebäbi bu başga eklenç mümkinçiligi bolmadyk tutuş maşgalalaryň aç galjagyny aňladýar diýip, çeşmeler belleýär.

"Işsiz, hojalygyny ekläp bilmeýän ejesi, kakasy öz çagasyna aç otur öýde diýeni bilen mesele çözülmeýär" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Türkmenistanyň dürli ýerlerinde köçelerde dilegçilik edýän, plastik, kagyz toplaýan, awtoulag ýuwýan ýa-da ýük daşaýan çagalar köp duş gelýär.

"Garny aç çagalar häzir awtobuslaryň içinde-de ýolagçylardan sadaka bermeklerini soraýarlar" diýip, habarçymyz belleýär.

Polisiýa dilegçileriň, şol sanda çagalaryň şeýle hereketleriniň öňüni almaga çalyşýar.

Çeşmeler häkimiýetleriň garyplygyň subutnamasy bolan dilegçilige ýurduň içerki syýasatyna kölege salýan ýagdaý hökmünde çemeleşýändigini we şonuň üçin jezalandyryjy çäreleri görýändigini aýdyp, hakykatda işsiz we köp çagaly raýatlara döwlet tarapyndan zerur ýardamyň ýokdygyny, ýörite sosial kömek programmalarynyň işlenip düzülmeýändigini belleýärler.

"Çagalaryň ýagdaýy hiç gowulaşmaýan ilatyň häzirki durmuş halyny görkezýär. Maşgalalara düşýän agram çagalara urgy bolýar. Okamaly, öwrenmeli wagtlaryny kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar bazarlarda, söwda merkezlerinde işläp geçirýärler ýa-da gelýän adamlardan dilegçilik etmäge mejbur bolýarlar" diýip, türkmenistanly çeşme gürrüň berýär.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtdaky işsizligiň derejesini görkezýän sanlary çap etmese-de, ýurtda işe ýerleşip bilmeýän we hatda işlän halatynda-da gazanjyna maşgalasyny ekläp bilmeýän raýatlaryň sany artýar. Üstesine garrylar, maýyplar, hossarsyz çagalar jemgyýetiň goldawa mätäç gatlagy bolup, pensiýalar we kömek pullary barha gymmatlaýan durmuşa ýetmeýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Çagalaryň 'elýetersiz' dynç alyşy

Türkmenistanda minimal aýlyk gara bazaryň kursy boýunça 64 dolara, pensiýa 15 dollara barabar.

"Köp hojalyklarda maşgala girdejisiniň örän ujypsyz bolmagy çaglary köçä iterýär. Ýaş ýetginjek oglan-gyzlaryň köçelerde, bazarlarda, dükanlaryň töwereklerinde boş plastik gaplary toplap, ganarlary dolduryp göterip-süýräp barýandygyny Aşgabadyň köçelerinde görmek bolýar" diýip, paýtagtdaky çeşme 8-nji noýabrda gürrüň berdi.

Maddy taýdan uly mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryň gazanç etmek mejburlygy olaryň bilim almak mümkinçiligine erbet täsir ýetirýär. Bu ýagdaý olara ruhy taýdan hem zarba bolýar.

"Elbetde bu oglan-gyzlar öz deň-duşlarynyň ýanynda kemsinýärler we özlerine göwünlik berip, ogurlyk etmän, plastik çöplemek aýyp däl diýip, edýän işine çemeleşýärler. Köp halatlarda plastik gaplary çöpleýän çagalar we ýetginjekler synpdaşlaryna ýa-da goňşularyna gabat gelen halatynda, aşak bakyp, görmezlige salmaga synanyşýarlar we okuwda synpdaşlarynyň ýanynda geplemekden çekinýärler" diýip, aşgabatly çeşme gürrüň berdi.

Kanun taýdan mejbury çaga zähmetini gadagan edýän ýurduň hökümeti we döwlet habarlar serişdeleri Türkmenistany “bagtyýar çagalygyň ýurdy” atlandyrýarlar.

Aşgabat: Zähmet çekýän çagalar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.