HZG Türkmenistan boýunça synyna başlan mahaly, garaşsyz hukuk toparlary täze hasabat ýaýratdy

Pagta ýygmak üçin gowaça meýdanyna baran türkmenistanlylar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Pagta kampaniýasy we garaşsyz türkmen hukuk toparlary tarapyndan ýaýradylan täze hasabatda Türkmenistanyň pagta önümçiliginde ulgamlaýyn mejbury zähmetiň ulanylmagynyň dowam edýändigi aýdylýar. Bu hasabat, Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti bes etmek baradaky borçnamasyny berjaý edişine syn berip başlan gününde, ýagny 12-nji iýunda köpçülige ýaýradyldy.

Türkmenistanyň pagta hasyly wagtynda giňden ýaýran mejbury zähmeti dokumentleşdirýän hasabatda, dünýäde mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy göreşýän bileleşik bolan Pagta kampaniýasy hökümetleri, kompaniýalary we işçiler guramalaryny esasy zähmet hukuklaryny goramak üçin Türkmenistana basyş etmäge çagyrýar.

Garaşsyz neşirler “Turkmen.newsiň” we “Türkmenistanyň Hronikasynyň” geçiren synlaryna we barlaglaryna esaslanýan hasabat “Üýtgemegiň wagty” atlandyrylýar. Giňişleýin hasabatda Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky pagta hasyly wagtynda, esasanam Daşoguz, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda, mejbury zähmetiň ulanylandygyny görkezýän degerli subutnamalar hödürlenýär we bu tejribäni ýok etmek üçin düýpli reformalaryň geçirilmegi talap edilýär.

Degişli maglumat Türkmenistan pagtaçylykda mejbury zähmetden el çekmäge çagyrylýar

“Türkmen hökümeti her ýyl daýhanlary we döwlet işgärlerini gowaça ýetişdirmäge we pagta hasylyny ýygnamaga mejbur edýär. Hökümetiň bu meseläni boýun almagy we zähmet hukuklaryny goraýjylara jeza howpy bolmazdan iş şertlerine gözegçilik edip, hasabat bermegine rugsat bermegiň wagt geldi” diýip, “Turkmen.news” neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew aýtdy.

Hasabatda mejbury zähmet esasynda öndürilýän türkmen pagtasynyň global egin-eşik we dokma üpjünçilik zynjyrlaryna girmek, şeýlelik bilen import gadagançylygy kanunlarynyň we kompaniýalaryň mejbury zähmet bilen öndürilen harytlary ulanmazlyk baradaky borçnamalarynyň bozulmak töwekgelçiligine hem üns çekilýär.

Türkiýe, Pakistan we Italiýa ýaly ýurtlardaky üpjün edijiler Türkmenistanda öndürilen pagtany, ýüplügi we matany ulanýarlar we olar bu pagtadan öndürilen harytlaryny dünýäniň möhüm brendlerine satýarlar diýlip, hasabatda bellenilýär. Bu, brendleriň we satyjylaryň önümçiligiň ähli basgançaklaryndaky özleriniň pagta üpjünçilik zynjyrlaryna mejbury zähmet esasynda öndürilen türkmen pagtasynyň aralaşmak töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aňladýar.

"Türkmenistanda döwlet tarapyndan mejbury zähmet bilen öndürilen ähli pagtany global üpjünçilik zynjyrlaryndan çykarmak üçin adam hukuklaryna, üpjünçilik zynjyrlaryna we importa hormat goýulýan kanunlaryň has güýçli ýerine ýetirilmegi, şeýle hem ähli ýurisdiksiýalarda şuňa meňzeş kanunlaryň girizilmegi zerur" diýip, Pagta kampaniýasynyň koordinatory Raluka Dumitresku aýtdy.

Degişli maglumat Lebapda ekin meýdanlary zaýalanan daýhanlar gowaça ekişine täzeden girişdi

2023-nji ýyldaky pagta hasylynyň ýygnalmagyna bary-ýogy iki aý galanda, Pagta kampaniýasy Türkmenistanyň hökümetini döwlet tarapyndan mejbury zähmetiň ulanylmagynyň öňüni almak üçin gyssagly çäreleri görmäge çagyrýar.

Bu hasabat, Halkara zähmet guramasynyň Türkmenistanyň mejbury zähmeti bes etmek baradaky borçnamasyny berjaý edişine syn berip başlan gününde köpçülige ýaýradyldy. Guramanyň Ülňüleri ulanmak baradaky komiteti (CAS) 12-nji iýunda Türkmenistanyň mejbury zähmeti ýatyrmak baradaky konwensiýany (No.105) berjaý edişine syn edende, hökümet wekilleriniň, dünýädäki işçileriň we iş beriji guramalaryň Türkmenistanda mejbury zähmetiň garşysyna çykyş etmegine garaşylýar.

Degişli maglumat Hukuk goraýjylar BMG-niň Komitetine alternatiw hasabatlaryny hödürlediler

Gurama Türkmenistanyň mejbury zähmeti bes etmek baradaky borçnamasyny berjaý edişine soňky gezek 2021-nji ýylda syn beripdi. Şonda türkmen hökümetine pagta pudagynda mejbury zähmeti ýok etmäge hem-de borçnamalary ýerine ýetirmek üçin HZG we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyryş edilipdi.

Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistan HZG-niň ýokary derejeli missiýasynyň ýurda gelmegine rugsat beren hem bolsa, hasyl ýygnamak döwründe mejbury zähmetiň bardygyny ret edýär we adam we zähmet hukuklarynyň bozulmagyna garşy çykyş edýän adamlary basyp ýatyrmagyny dowam etdirýär diýlip, hasabatda bellenilýär.

Degişli maglumat Gowaça meýdanlarynda ýekeleme işlerine badalga berildi, ideg işleri agyr zähmet talap edýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.