Hytaýyň prezidenti Şi Gazagystana, Täjigistana sapar eder, ŞHG-nyň sammitine gatnaşar

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew (çepde) we Hytaýyň prezidenti Şi Jinping. 2003 ý.

Hytaýyň prezidenti Şi Jinping 2-6-njy iýul aralygynda Gazagystana we Täjigistana döwlet saparlaryny amala aşyrar, şeýle-de Astanada geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) 24-nji sammitine gatnaşar. Bu barada 30-njy iýunda Hytaýyň Daşary işler ministrligi mälim etdi.

Ministrligiň websaýtynda çap edilen beýanatda Şiniň Gazagystana we Täjigistana saparlarynyň bu Merkezi Aziýa döwletleriniň degişli ýolbaşçylarynyň çakylygy esasynda amal edilýändigi bellenilýär.

3-4-nji iýulda geçiriljek sammitiň dowamynda ykdysady we energiýa meseleleriniň gürrüň ediljekdigine, şeýle-de Russiýanyň Ukrainadaky alyp barýan urşunyň netijeleri we beýleki geo-syýasy meselelere garaljakdygyna garaşylýar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümine, Türkmenistandan başga, Merkezi Aziýanyň ähli döwleti, ýagny Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan girýär.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Atlantik Geňeşiniň soňky hasabatynda Hytaýyň özüniň awtoritar dolandyryş modelini bu döwletlere ýaýyp başlandygy bellenilýär. Hytaý Merkezi Aziýanyň käbir garyp sebitlerinde milliardlarça dollarlyk uly taslamalary amala aşyrmagy wada berýär.