Hytaýyň Žuhaý şäherinde bir sürüjiniň awtoulagyny sport merkeziniň golaýynda gezim edýän ýaşaýjylaryň üstünden sürmegi 35 adamyň ölüp, 43 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, “South China Morning Post” gazeti habar berdi.
Hytaý metbugatynyň ýazmagyna görä, birinji gün bolan wakanyň pidalarynyň arasynda garrylar, ýetginjekler we çagalar hem köp bolupdyr. Bir şaýat sport merkeziniň golaýynda gezelenç edýän adamlaryň köp bolandygyny aýtdy.
Polisiýa 62 ýaşly erkegiň sport merkeziniň golaýyndaky adamlaryň üstünden ulag sürüp, öz janyna kast etmäge synanyşandygyny we tussag edilip, keselhana äkidilendigini aýtdy. Maglumata görä, ol komada, ýagny huşsuz ýatyr.
Deslapky maglumatlara görä, ol aýaly bilen aýrylyşandan soň, emläk bölünişiginiň netijelerinden nägile bolup, adamlaryň üstünden maşyn sürmek kararyna gelipdir.