14-nji oktýabrda Hytaýyň harbylary Taýwanyň golaýynda nobatdaky türgenleşiklere başladylar. Pekin munuň “Taýwanyň garaşsyz güýçleriniň separatist hereketleri” diýip atlandyran çärelerine duýduryş bolandygyny aýtdy. Hytaýyň bu hereketini Teýpeýiň we Birleşen Ştatlaryň hökümetleri ýazgardylar.
Hytaý demokratik düzgünler esasynda dolandyrylýan Taýwany özüniň territoriýasy hasaplaýar. Geçen hepde Taýwanyň prezidenti Laý Çing-teniň ýurduň milli gününde eden çykyşyndan bäri, sebitde Hytaýyň has köp harby-türgenleşikleri barada hem duýduryşlary artdy.
Laý Hytaýyň Taýwana wekilçilik etmäge hiç hili hakynyň ýokdugyny aýtdy. Ol çykyşynyň dowamynda Pekin bilen hyzmatdaşlygy teklip etse-de, hytaý häkimiýetleri onuň bu belliklerini ýazgardylar.
Hytaýyň Ýaragly güýçleriniň Günorta Serkerdeligi “Bilelikdäki Gylyç-2024B” atly harby-türgenleşikleriň Taýwan bogazynda, şeýle-de ýurduň demirgazyk, günorta we gündogar sebitlerine golaý geçiriljekdigini mälim etdi.
Serkerdelik harby-türgenleşikleriň haçan tamamlanjakdygyny aýdyňlaşdyrmady.