Hytaý-Gyrgyzystan serhedinde güýçli ýertitreme boldy

Almatynyň, esasan hem köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary öýlerinden daşary çykmaga howlukdylar.

23-nji ýanwarda daňdan Gyrgyzystan bilen Hytaý serhedinde güýçli ýertitreme we mundan soňky ençeme tapgyr sarsgynlar boldy diýip, ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik merkezi habar berdi.

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Bubek Ajikeýew ýer sarsgynynyň gije ýaryndan soň bolandygyny, şeýle-de onuň has köp demirgazykdaky Issyk-Kul regionynyň ençeme etrabynda duýulandygyny aýtdy.

Paýtagt Bişkekde adamlar öýlerinden köçelere ylgap çykdylar.

Ajikeýew adam pidalary ýa-da ýeten zyýan barada maglumatyň ýokdugyny aýdyp, adamlary howsala düşmezlige çagyrdy.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik merkeziniň maglumatyna görä, jemi hasapda bäş gezek ýer titräp, olaryň iň kuwwatlysynyň magnitudasy ýedi bala deň bolupdyr.

Ýer sarsgyny, episentrden 260 km uzaklykda ýerleşýän, Gazagystanda hem duýuldy. Almatynyň, esasan hem köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary öýlerinden daşary çykmaga howlukdylar.