Hukuk toparlary zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar

Soltan Açylowa

Türkmen häkimiýetleri garaşsyz žurnalist Soltan Açylowany esassyz ýerden, mejbury ýagdaýda hassahana ýerleşdirdiler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” (TH) 20-nji noýabrda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, häkimiýetler Türkmenistanda başga pikirlileri susdurmak üçin ulanylýan öňden gelýän “beşeriş” usulyna Açylowanyň Ženewa halkara baýragyny almak üçin uçjak wagtynyň öň ýanynda ýüz urupdyrlar.

Bu waka, TH-niň we Halkara adam hukuklary hyzmatdaşlygynyň (IPHR) türkmen häkimiýetlerini berk ýazgaryp, beýanat ýaýratmagyna getirdi.

Açylowa 20-nji noýabrda ir sagat 9:00-da gyzy bilen Aşgabatdan Ženewa uçmaly eken, ýöne ir sagat 6:30-da gapysyny kakan ak halatly we ýüzi maskaly lukmanlar ony eline-aýagyna bakman, zor bilen hassahana alyp gidýärler.

Degişli maglumat “Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň

Lukmanlaryň biri 75 ýaşyndaky žurnalistiň ýokanç kesele ýolugmakda güman edilýändigini we gyssagly hassahana barlagyndan geçirilmelidigini aýdypdyr.

Açylowa ne garyndaşlaryna habar etmäge, ne-de telefonyny almaga rugsat berlipdir. Güýç bilen “Tiz kömek” ulagyna mündürilen zenan zordan gapysyny gulplamaga ýetişipdir. Ýöne soň onuň açaryny hem elinden alypdyrlar.

“Saňa o dünýede açar nämä gerek?” diýip, “lukmanlaryň” biri sorapdyr.

Žurnalisti Çoganlydaky ýokanç keselliler hassahanasyna eltip, birki günlükde öýüne myhmançylyga gelen aýalyň hassahana düşendigini aýdýarlar.

Žurnalist ol aýalyň keselhana düşeninden habarly eken, ýöne ol ýürek agyrysyndan ejir çekip, newrologiýa bölüminde bejergi alýan eken. Açylowa muny aýdanyndan ýarym sagat soň ol aýaly getirip, ýokanç keselliler hassahanasyna ýerleşdiripdirler.

Açylowa öýünden alnyp gidileninden 10-15 minut soň, howa menziline alyp gitmek üçin, bu ýere onuň gyzy we giýewisi gelýär. Gapyda duran ak halatly adam olara Açylowanyň ýokanç kesele ýolugmakda güman edilýändigini, onuň bilen gatnaşykda bolan adamlaryň ählisiniň saglyk barlagyndan geçmelidigini aýdýar.

Žurnalist häzir hassahanada saklanýar we lukmanlar onuň haçan öýüne goýberiljekdigini aýtmaýarlar.

Bu, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň öňki habarçysy, häzir düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bilen hyzmatdaşlyk saklaýan Açylowanyň ýurtdan çykjak bolanda, ýolundan saklanmagy bilen bagly ilkinji hadysa däl.

Geçen ýyl ol Şweýsariýada geçmeli Martin Ennals Award baýragynyň adam hukuklary dabarasyna gatnaşmak üçin Ženewa gitjek bolanda, howa menzilindäki resmiler ony we gyzyny, pasportlarynyň, wizalarynyň we biletleriniň bardygyna garamazdan, uçaryň bortuna goýbermediler.

Degişli maglumat Hukuk goraýjylar Soltan Açylowanyň ýurtdan goýberilmezligini ýazgarýarlar

“Eneli-gyz Açylowalaryň gözleriniň öňünde pasportlarynyň ähli sahypalaryny çygly süpürgiçler bilen öllediler we soň resminamalaryň ulanyşa ýarmaýandygyny aýtdylar’ diýip, TH ýazdy.

Şonda halkara guramalarynyň basyşlaryndan soň eneli-gyza täze pasport berildi.

Açylowa Türkmenistanyň içinde awtoritar hökümeti tankytlaýan ýeke-täk žurnalistdir. Soňky onýyllygyň dowamynda ol tussaglyk, haýbatlar, fiziki hüjümler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Žurnalist we onuň goldawçylary hökümetiň munuň bilen onuň işi üçin ar alýandygyny aýdýarlar.

Açylowanyň ýolundan saklanmagy bilen bagly soňky ýagdaýdan soň, adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary we Halkara adam hukuklary hyzmatdaşlygy (IPHR) türkmen häkimiýetlerini berk ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.

“TH we IPHR garaşsyz žurnalist Soltan Açylowanyň Ženewa gitmeginiň öňüni almak üçin Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan görülýän haýran galdyryjy çäreleri berk ýazgarýar. Ony we maşgala agzalaryny esassyz sebäplere görä hassahana ýerleşdirmek, hökümetiň başgaça pikirlenýänleri dymdyrmak üçin alyp barýan yzygiderli kampaniýasynyň täze bir pes [derejesini] görkezýär” diýip, 20-nji noýabrda çap edilen beýanatda bellenilýär.

Şeýle-de, guramalar “Türkmenistanyň häkimiýetlerini olary gyssagly keselhanadan boşatmaga, žurnaliste hiç hili päsgelçiliksiz daşary ýurda gitmäge we işi sebäpli azar bermezlige” çagyrýarlar.

Türkmenistanda garaşsyz žurnalistleriň, başgaça pikirlenýän we pikirini aýdýan adamlaryň garşysyna saglyk işgärlerini, güman edilýän näsaglygy ulanmagyň uzak taryhy bar.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda ýurtda seslerini eşitdirip bilmän, garaşsyz neşirlere ýüz tutan raýatlaryň arasynda Gurbandurdy Durdygulyýew, Kakabaý Tejenow, Amangelen Şapudakow, Sazak Durdymyradow dagy ýaly, mejbury ýagdaýda ruhy hassahana ýerleşdirilen adamlar boldy.

Azatlyk bilen hyzmatdaşlyk edip başlan Ogulsapar Myradowa bolsa, egindeşleri bilen fransuz žurnalistlerine Türkmenistan barada dokumental kino düşürmäge kömek berendigi üçin, galp aýyplamalar esasynda türmä basylyp, şol ýerde gümürtik ýagdaýda aradan çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.