Hukuk goraýjylar Soltan Açylowanyň ýurtdan goýberilmezligini ýazgarýarlar

Soltan Aaçylowa

Adam hukuklaryny goraýan on sany gurama, şol sanda “Turkmen.news” neşiri 74 ýaşly aktiwist we raýat žurnalisti Soltan Aaçylowanyň Türkmenistandan çykmagyna girizilen gadaganlygy ýazgarýan beýanata gol çekdi diýip, garaşsyz neşir habar berýär.

“Soltan Açylowanyň ýurtdan çykmak mümkinçiliginden ‘ýokardan’ berlen buýruk esasynda mahrum edilendigi şübhesiz, bu türkmen häkimiýetleriniň öz syýasatlary babatdaky islendik tankydy basyp ýatyrmak isleýändigini görkezýär. Onuň syýahat etmegine girizilen gadaganlyk Türkmenistanda söz azatlygy babatynda dörän hopukdyryjy ýagdaýyň ýene bir subutnamasy bolup durýar" diýip, Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhabatullin aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça orunbasary Reýçel Denber Soltan Açylowanyň žurnalistik işi netijesinde Türkmenistanda adamlaryň hakyky durmuşy baradaky maglumatlaryň aýan bolýandygyny aýtdy. Denberiň pikiriçe, häkimiýetler žurnalistiň işini makullamaly we onuň çykarýan netijelerini ýalňyşlary düzetmek üçin ulanmaly.

Garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa 17-nji noýabr agşamy, sylagyny almak üçin Ženewa uçmakçy bolanda, Aşgabat aeroportundan yzyna gaýtaryldy.

Ol 2021-nji ýylda hukuk goraýjylaryň halkara Martin Ennals sylagyna hödürlenen we finala çykan üç adamyň biri boldy.

Emma gyzy Maýa bilen ýola çykan žurnalist, wizalarynyň we biletleriniň bardygyna garamazdan, Aşgabat aeroportunda geçirilen barlaglardan soň, “pasportlarynyň ulanyşa ýaramaýandygy üçin” diýlip, ýollaryndan saklandy.

Türkmenistanda garaşsyz žurnalistler onlarça ýyl bäri ýanalýar, tussag edilýär, gorkuzylýar we kähalatda urlup-ýenjilip, gümürtik ýagdaýda heläk bolýar.

Emma muňa garamazdan, kanunlarynyň metbugat azatlygyny kepillendirýändigine garamazdan, resmi Aşgabat garaşsyz žurnalistleriň ýanalmagy, türmä basylmagy bilen bagly ýagdaýlary derňäp, jogapkär resmileri jogapkärçilige çekmegi zerur hasaplamaýar.