Türkmenistandan Russiýa işlemäge baran türkmen raýaty rus polisiýasy tarapyndan Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda rus güýçleriniň tarapynda söweşmek üçin mejbury ýagdaýda söweş meýdanyna äkidildi diýip, “HSM” neşiri habar berýär.
Bu waka, iki tarapdan hem urşa gatnaşýan türkmenistanlylaryň bardygy baradaky maglumatlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleriniň Russiýa barýan raýatlaryň öňüni baglamaga çalyşýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat gelýär.
Neşir 19-njy noýabrda özüniň Telegram sahypasynda ýazan maglumatynda Yhlas Ataberdiýewiň işläp gazanç etmek gözleginde 2024-nji ýylyň fewralynda Russiýa barandygyny belleýär.
Degişli maglumat Putiniň daşary ýurtlular baradaky kararyndan soň, Russiýa gitmekçi bolýan lebaplylar köpelýär“Yhlasyň Russiýadaky wizasynyň möhleti gutaransoň, ol bu ýurtda wagtlaýyn galyp bilmek üçin, şol ýerdäki türkmenistanlylar tarapyndan ýörite rugsatnama çykardýar. Aradan biraz wagt geçensoň, Yhlas rus polisiýasy tarapyndan saklanyp, resminamalary barlananda, onuň rugsatnamasynyň resmi däl görnüşde alnandygy anyklanýar. Bu ýagdaýlardan Yhlasyň özi habarsyz eken” diýip, neşir ýazýar.
Ataberdiýewiň ýakyn hossarlarynyň neşire beren maglumatyna görä, şondan soň Yhlas Russiýanyň polisiýasy tarapyndan tussag edilýär we resmi bolmadyk resminama çykarmakda rus kanunlary esasynda 2,5 ýyl azatlykdan mahrum edilýär.
“Rus polisiýa işgärleri içerde ýatan tussaglara garşy bilkastlaýyn kyn şertleri döredipdir. Olar sowuk, çyg tussaghanada galmaly bolupdyrlar... Aradan birnäçe wagt geçensoñ, polisiýa işgärleri tussaglaryñ ýanyna gelip, olara Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan söweşine gatnaşmagy teklip edipdirler. Kyn ýaşaýyş şertlerde çäresiz galan Yhlas söweşe gatnaşmak teklibini kabul etmäge mejbur bolýar” diýip, neşir onuň hossarlaryna salgylanyp ýazýar.
Maglumatda Ataberdiýewiň 5-nji noýabrda Russiýanyň Kursk sebitine iberilip, bu ýerde onuň Ukrainanyň Wolçansk şäheriniň golaýyndaky söweşlere gatnaşmaga taýýarlanylýandygy bellenilýär.
Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukrainada girişen urşunda iki tarapdan hem urşa gatnaşýan türkmenistanlylar barada ozal hem habarlar peýda bolupdy. Ýöne ozalky habarlarda olaryň mejbury däl-de, esasan gazanç ýa-da ideologiki sebäpler bilen rus ýa-da ukrain güýçleriniň hatarynda söweşýändigi aýdylypdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Şu ýylyň maýynda “Turkmen.news” neşiri Türkmenistanyň raýaty, etniki ermeni Sergeý Grigorýanyň Russiýanyň tarapynda Ukrainada alty aýlap söweşendigini we uruşda gazanan puluna onuň ejesiniň Türkmenbaşy şäherinde kwartira satyn alandygyny habar berdi. Ýöne ol Türkmenistana dolanandan soň, türme tussaglygyndan aman galmak üçin jaýy satmaga mejbur bolupdyr.
Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary hemişelik ýaşamak ýa-da gazanç etmek üçin Russiýa gitmek isleýän köp sanly türkmenler barada yzygiderli habar berýärler.
Ukraina garşy esassyz urşa girişen Russiýa öňki sowet respublikalarynyň raýatlaryna, urşa gatnaşmagyň öwezine, tizleşdirilen görnüşde rus raýatlygyny almak mümkinçiligini hödürleýär.
Degişli maglumat Türkmenistanlylar urşa gatnaşmaz ýaly Russiýa goýberilmeýärSentýabrda Azatlygyň güýç gurluşlaryndaky çeşmesi sekiz ýyl çemesi wagt bäri durmuş-ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz galan türkmen raýatlarynyň arasynda bu teklipden peýdalanmak isleýän adamlaryň sanynyň artýandygyny aýtdy.
Bu habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri ýurdy terk etmäge, hususan-da, Russiýa gitmäge çalyşýan türkmen raýatlarynyň öňüni baglamak çärelerini güýçlendirýärler.
Soňky aýlarda Russiýa barýan türkmenistanlylaryň, hususan-da, ýaş erkek raýatlaryň Moskwa barýan uçaryň bortuna goýberilmezligi bilen bagly birnäçe ýagdaý ýüze çykdy.
Sentýabrda Azatlygyň çeşmesi ýurdy terk etmäge çalyşýan türkmen raýatlarynyň islendik ýol bilen öňüni baglamak babatynda Türkmenistanyň güýç gurluşlaryna buýruk berlendigini aýtdy.
Ýurduň güýç gurluşlaryndaky çeşmämiz munuň türkmen raýatlarynyň Ukraina garşy urşa gatnaşmaga çekilmegi boýunça tassyklanan hadysalar bilen baglanyşyklydygyny hem belledi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada ilata aç-açan maglumat bermeýär. Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda degişli ýolbaşçylardan teswir almak hem başartmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.