HRW onlarça ýyllyk wideo üçin, özbek aýalyna çykarylan hökümi ýazgardy

“Özbek resmileri Sewara [Şaýdullaýewany] ozalky prezidentiň wideosyny paýlaşany üçin jogapkärçilige çekilmeli däldi” diýip, HRW-niň Merkezi Aziýa boýunça hünärmeni Mihra Rittman aýtdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy Özbegistanda aprelde bir aýalyň merhum özbek prezidenti Yslam Kerimowyň 1991-nji ýylda yslamçylar bilen geçiren söhbetdeşligini görkezýän wideony paýlaşany üçin, oňa şertli hökümiň çykarylmagyny ýazgardy.

Hukuk toparynyň 4-nji sentýabrdaky beýanatyndan iki hepde öň, Daşkendiň regional sudy Sewara Şaýdullaýewi “Özbegistanyň konstitusion gurluşyny agdarmak boýunça açyk çagyryşlary özünde saklaýan maglumatlary saklamakda we ýaýratmakda” günäli tapdy we ony 30 aý möhlet bilen şertli tussaglyga höküm etdi.

Gürrüňi gidýän wideony ejesi bilen paýlaşan Şaýdullaýewa kesgitlenen sagatdan soň öýden çykmazlyk, jemgyýetçilik çärelerinden daşda durmak tabşyryldy we öňünden rugsat alman Daşkendi terk etmek gadagan edildi.

“Özbek resmileri Sewara [Şaýdullaýewany] ozalky prezidentiň wideosyny paýlaşany üçin jogapkärçilige çekmeli däldi” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça hünärmeni Mihra Rittman beýanat bilen çykyş etdi.

“Özbek häkimiýetleri bu wideonyň mazmuny bilen ylalaşmasalar-da, bu 33 ýyllyk wideodaky çykyş eýýäm taryhy bir ýazgydyr” diýip, ol sözüne goşdy.