Howa gyzýar, lukmanlar yssy howanyň kadalaryny berjaý etmegi maslahat berýär

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Şu günler Türkmenistanyň dürli sebitlerinde aşa yssy howa höküm sürýär. Lebap welaýatynda howanyň temperaturasy gündiz, kölegede 45 gradusa ýetdi. Elektrik energiýasy bilen işleýän enjamlara, şol sanda kondisionerlere agram düşýär. Gidrometeorologiýa gullugy yssy howa babatda duýduryş yglan etmedi. Bu aralykda, Saglyk ministrliginiň Maglumat gullugy jöwzaly tomusda howa kadalarynyň berjaý edilmegini maslahat berýär.

Gündogar sebitde howanyň temperaturasy gündiz, kölegede 45 gradusa çenli çykýan mahaly, elektrik energiýasy bilen işleýän enjamlara agram düşýär, ýollardaky asfaltyň ereýän halatlary bolýar. Adatdan daşary yssy howa garamazdan, edara-kärhanalaryň işgärleri irden arassaçylyk işlerine çekilýärler.

“Adat bolşy ýaly, [yssy howada] elektrik energiýasy problema bolup başlady. Elektrik energiýasy bilen işleýän enjamlara agram düşýär, kondisionerler öçüp galýar. Elektrik energiýasynyň akymy peselýär, elektrik lampalary zordan ýanýar” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Biraz öň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy üstümizdäki hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasynyň ýurduň käbir sebitlerinde 44 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň çetindäki obalar yssyda bir günden gowrak toksuz galdy

Howa maglumatlaryny çap edýän “AccuWeather” gullugy 11-nji iýulda Lebap welaýatyndaky howanyň temperaturasyny 46 gradus hökmünde görkezýär we aşa yssy howanyň 12-nji iýulda hem dowam etjekdigini çaklaýar.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumat gullugy jöwzaly tomusda yssy howanyň kadalarynyň berjaý edilmegini maslahat berýär.

Lukmanlar 11-nji iýulda ýurduň “Türkmenistan” we “Bitarap Türkmenistan” merkezi gazetleriniň iň soňky sahypalarynda çap eden maslahatlarynda yssy howanyň saglyga has ünsli çemeleşmegi talap edýändigini aýdýarlar.

Yssy howada günüň şöhlesiniň ýitileşýän wagtlarynda, 11:00-dan 17:00-a çenli aralykda daşary çykmazlyk; ýeňil, rahat we açyk reňkli egin-eşikleri geýmek; ýeterlik mukdarda, günüň dowamynda azyndan 1,5-2 litr, suw içmek maslahat berilýär.

“Tomsuň yssysynda açyk meýdanlara gezelenje çykmak maslahat berilmeýär” diýip, lukmanyň maslahaty aýdýar.

Esasan-da gartaşan adamlar we kiçi ýaşly çagalar bilen daşary çykylanda seresap bolmak maslahat berilýär hem-de gezelenç üçin daşary çykmagyň wagty diňe irden 6:00-dan 9:00-a çenli aralyk we agşam 18:00-dan 21:00-a çenli aralyk hökmünde çäklendirilýär. Galyberse-de, daşary çykylanda hökmany suratda ýanyň bilen ýeterlik mukdarda suw alyp çykmak maslahat berilýär.

“Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň, ýa-da saýawan göteriň” diýip, lukmanlar aýdýar.

Degişli maglumat Jokrama yssyda Türkmenabadyň golaýynda zibil poligony ýanýar

Lebap welaýatynda adatdan daşary yssy howa garamazdan, edara-kärhanalarda adatdaky iş tertibi dowam edýär. Jemagat gullugynyň işgärleri irden Türkmenabadyň merkezi köçelerinde arassaçylyk işlerini geçirýärler. Sebitdäki edara-kärhanalaryň işgärleri hem, irden 9:00 bilen 10:00 aralygynda arassaçylyk işlerine çekilýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy yssy howa dowam edýän mahaly, çagalaryň salkynlamak üçin ýaplara suwa düşmeginiň Türkmenabatda polisiýa tarapyndan gözegçilikde saklanýandygyny, ýöne Türkmenabadyň çetindäki ýaşaýyş sebitlerinde, Çärjew etrabynda we beýleki oba ýerlerinde çagalaryň ýaplara suwa düşmegine gözegçilik edilmeýändigini habar berýär.

Türkmenistanda adatdan daşary howa hadysalary, galyberse-de tebigy harasatlar, şol sanda adam ýitgilerine getirýän betbagtçylyk hadysalary barada resmi habar berilmeýär. Şol bir wagtda, adatdan daşary howa hadysalary bilen bagly degişli duýduryşlar berilmeýär.

Galyberse-de, dünýäde howa krizisi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, soňky ýyllarda Türkmenistanda adatdan daşary howa hadysalary, gurakçylyk, ygalyň az bolmagy, ýa-da suw joşmalary, howanyň gyş paslynda aşa sowamagy, tomus paslynda aşa gyzmagy ýaly ýagdaýlar ýygjamlaşyp başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.