Hökümetçi neşirler daşary ýurtlarda bolup geçýän 'negatiw wakalara' ýygy-ýygydan ünsi çekip başlady

Illýustrasiýa suraty.

Hökümetçi türkmen neşirleri daşary ýurtlarda bolup geçýän “negatiw” wakalar hakynda habar berip başlady, ýöne bu habarlar ýurt içindäki “bagtyýarlyk” wagzyny berkitmäge gönükdirilýär diýip, türkmen mediasyna syn eden ýerli synçy Azatlyk Radiosyna iberen seljermesinde aýdýar.

Türkmen metbugaty diňe gowy, oňat, ajaýyp habarlary okyjylara ýetirmekde tanalýar. Ýurt içinde we daşary ýurtlarda bolup geçýän negatiw wakalar, şol sanda halk gozgalaňlary, uruşlar we tebigy harasatlar metbugatda öz beýanyny tapmaýar.

Ýöne ýerli synçynyň seljermelerine görä, türkmen metbugaty kadadan çykma görnüşinde daşary ýurtlarda bolup geçýän, ýöne ýerli metbugatda asla agzalmaýan käbir wakalar barada hem habar berip başlady.

Degişli maglumat Türkmen metbugaty ýurtdan gidýänleri agzaman, tölegli 'iş tapyjylary' wagyz edýär

Şeýle habarlaryň biri türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan “Turkmenportal” neşiri tarapyndan 12-nji oktýabrda çap edildi. Maglumatda ABŞ-nyň Florida ştatynda turan “Milton” tupanynyň ýetiren zyýanlary barada habar berilýär.

Şondan bir gün ozal, 11-nji oktýabrda bu neşir ynsan oglunyň soňky 50 ýylda dünýädäki ýabany haýwanlaryň tas 73 göterimini ýok edendigini habar berdi.

Ol, has ozal, sentýabr aýynda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde bolup geçen suw joşmalary, Dunaý derýasynyň suwunyň rekord derejede köpelmegi barada habar berdi.

Tomus aýlarynda Hytaýda ýagan güýçli ýagyşlar, ýer süýşmeleri hem hökümetçi neşiriň daşary ýurt habarlarynda agzalyp geçildi.

Ýöne hökümetçi neşiriň aprel aýynda çap eden beýleki bir möhüm daşary ýurt habary ilat arasynda geň-taňlyga ýol açdy.

Türkmen halky 27-nji aprelde Lebap we Mary welaýatlarynda bolup geçen betbagtçylykly harasatyň dördünji ýyl dönümini hatyralaýan mahaly, “Turkmenportal” bu wakalar barada asla dil ýarmazdan, şol gabatlar Hytaýyň günortasynda soňky 50 ýylda bolup geçen iň agyr suw joşmalary barada habar berdi.

Hökümetçi türkmen neşirine görä, aprel aýynda günorta Hytaýda bolup geçen suw joşmalarynda 83 müň çemesi adam ewakuasiýa edilipdir, 1 million çemesi ilat toksuz galypdyr.

“Lebap we Mary welaýatlarynda 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde bu welaýatlaryň taryhynda deňi-taýy bolmadyk güýçli tupan turup, ýüz müňlerçe adam toksuz, suwsuz, aragatnaşyksyz galdy, on müňlerçe hojalygyň ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi. Bu wakanyň dördünji ýyl dönüminde hökümetçi neşirler öz ýurdunda bolup geçen harasatlar barada habar bermän, daşary ýurtlarda bolup duran tebigy betbagtçylyklar barada habar berdi” diýip, türkmen synçysy aýdýar.

Türkmen mediasyna ýakyndan syn edýän ýerli hünärmen hökümetçi neşirlerde ýygjamlaşýan negatiw habarlary hökümetiň “täze taktikasy” atlandyrýar we bu habarlaryň Türkmenistanda durmuşyň nähili bagtyýar we ajaýyp bolandygyny görkezmäge niýetlenendigini aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda erkin sözüň anatomiýasy (2-nji bölüm)

“Şu we beýleki formal taýdan ‘garaşsyz’ neşirlere daşary ýurtlarda bolup geçýän käbir negatiw wakalar hakynda, şol sanda, tebigy we tehnogen betbagtçylyklar, ykdysady we tebigy krizisler hakynda habar bermek barada hökümet tarapyndan tabşyryk berlene meňzeýär. Munuň arkasynda hökümetiň täze taktikasy ýatyr. Ol hem – eger negatiw habarlary umuman gizläp bolmaýan bolsa, onda diňe daşary ýurtlardaky käbir negatiw wakalar barada habar bermeli. Onda-da, ol habarlaryň arasynda, köp halatda türkmen häkimiýetleriniň kömek iberen halatlarynyň beýan edilmegi tabşyrylýar... Ýagny, daşary ýurtlarda bolýan betbagtçylyklar baradaky habarlary elmydama ýurt içindäki “asudalyk, abadançylyk, bagtyýarlyk” habarlary bilen utgaşdyrmak talap edilýär” diýip, media synçysy aýdýar.

“Turkmenportal” neşiri Russiýanyň media gözegçisi “Roskomnadzor” edarasynyň ygtyýarnamasyna eýe bolup, Türkmenistanda 13 ýyl bäri iş alyp barýar.

Esasan rus dilinde habar çap edýän neşir 2011-nji ýylda esaslandyryldy. Ýöne soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň elektron media giňişligi ymykly giňeldi. Ýurtda 2017-nji ýylyň aprelinde hökümetçi “Orient” neşiri, 2020-nji ýylda “Biznes Türkmenistan” neşirleri işe girizilip, gazanylandygy aýdylýan ösüşler täzeçil mazmun bilen wagyz edilip başlandy.

Hormatly okyjy, Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy 20-nji oktýabrda bu temany has giňişleýin özleşdirmegi meýilleşdirýär. Türkmenistanyň media giňişligi babatyndaky pikir-garaýyşlaryňyzy teswir görnüşinden biziň bilen paýlaşyň, gepleşige goşant goşuň!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.