Hindistanyň premýer-ministri Narenda Modi Kiýewe sapar edýär.
Onuň bu taryhy saparynyň dowamynda prezident Wolodymyr Zelenski bilen gepleşikleri geçirip, Russiýanyň esassyz başladan doly gerimli urşuna parahatçylyk çözgütleri tapmagyň ýollaryny maslahat etmegine garaşylýar.
“Şu gün irden Kiýewe geldim. Hindi jemgyýeti ýylylyk bilen garşylady” diýip, Modi X sosial ulgamynda ýazgy galdyrdy we özüniň Ukrainadaky hindi jemgyýetiniň wekilleri bilen düşen käbir suratlaryny ýerleşdirdi.