18-nji oktýabrda Eýran tarapyndan goldanylýan Hezbollah jeňçi topary özüniň Ysraýyla garşy söweşinde täze we dartgynly tapgyra başlaýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda Eýran, Hamas toparynyň lideri Ýahýa Sinwaryň ölüminden soň, “garşy duruş ruhunyň berkejekdigini” aýtdy. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamasy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýärler.
Sinwar geçen ýylyň 7-nji oktýabrynda Hamasyň Ysraýyla garşy amala aşyran adam pidaly hüjüminiň arkasynda durupdy. Bu hüjüm Gazadaky urşy tutaşdyrdy.
Sinwar 17-nji oktýabrda Gazada Ysraýylyň esgerleri tarapyndan öldürildi.
Eýran onuň öldürilmeginden soň, özüniň hemaýatyň gowşamajakdygyny ýaňzytdy. “Garşy duruş ruhy berkär” diýip, Eýranyň BMG-däki missiýasy Sinwaryň ölüminden soň aýtdy.
ABŞ tarapyndan terrorçy gurama hökmünde ykrar edilen Hezbollah hem haýbatly çykyşlary etdi. Ýewropa Bileleşigi bu toparyň harby ganatyny özüniň gara sanawyna goşdy.