Hersonda ukrain raýaty içalyçylykda aýyplanyp, 10 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edildi

Ukrain aklawçysy Emil Kurbedinow

Russiýa tarapyndan basylyp alnan Ukrainanyň Herson sebitiniň kazyýeti ukrain raýaty Iryna Horobtsowany içalyçylykda aýyplap, 10 ýarym ýyl azatlykdan mahrum etdi diýip, Russiýanyň Baş prokuraturasy 15-nji awgustda aýtdy.

Ukrain raýatlarynyň Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan ýerlerinden çykmagyna kömek eden IT işgäri Horobtsowa iki ýyldan gowrak wagt bäri Russiýanyň türmesinde saklanýar.

Rus prokurorlary ony “strategiki taýdan möhüm maglumatlary” ýygnamakda we olary ukrain goşunyna ýetirmekde aýypladylar.

Onuň aklawçysy Emil Kurbedinow, Horobtsowa tussag edilenden iki ýyldan gowrak wagt geçensoň, onuň bilen ilkinji gezek kazyýetde duşuşdy.