ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasy (EDF) MethaneSAT hemrasy arkaly düşürilen ilkinji suratlary çap etdi, olarda ABŞ-nyň, Türkmenistanyň we Wenesuelanyň esasy ýangyç ýataklaryndan howa ýaýraýan metan zyňyndylary görkezilýär. “Türkmenistanyň Hronikasy” bu habary Täze Zelandiýanyň radiosynyň 21-nji noýabrda beren maglumatyna salgylanyp çap etdi.
Alnan maglumatlar nebit we gaz ýataklarynyň eýeleriniň resmi taýdan yglan eden mukdarlaryna garanda has köp metan gazynyň syzýandygyny we howa ýaýraýandygyny görkezýär.
EDF-niň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, Gaznanyň ilkinji gözegçilikleri Demirgazyk Amerikanyň we Merkezi Aziýanyň önümçilik howdanlaryndan syzýan metan zyňyndylarynyň mukdarynyň ýerlerde we häzirki berilýän maglumatlarda görkezilýän derejelerinden, resmi görkezijilerdäkiden has ýokary bolandygyna şaýatlyk edýär.
Ýangyç ýataklary öwrenilen iki ýurt, Türkmenistan we ABŞ şu onýyllykda metan zyňyndylaryny 30% azaltmak baradaky global tagallalar ylalaşygyna gol çekdi.
Degişli maglumat Türkmenistan metan syzmasyna garşy göreşmek üçin hünärmen toplar - metbugatMethaneSAT-yň barlaglarynyň netijeleri, edýän tagallalaryna garamazdan, howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykýan we gymmat düşýän betbagtçylyklara garşy göreşýän ýurtlarda metan zyňyndylarynyň derejesiniň näme üçin ýokarlanýandygyny düşündirmäge kömek eder diýip, habarda bellenýär.
Howa ýaýraýan zäherli gazlaryň mukdarynyazaltmak barada berilýän wadalara garamazdan, Stanfordyň we beýleki uniwersitetleriň geçiren barlaglary sentýabrda global metan zyňyndylarynyň derejesiniň öňkülerinden has çalt ýokarlanýandygyny görkezdi.
"Bloomberg" 18-nji noýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýurduň ýangyç ýataklaryndan syzýan metan zyňyndylarynyň mukdaryny takyk kesgitlemek üçin hünärmen çekmek, tender yglan etmek meýilleriniň bardygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.