Harris, Tramp ilkinji prezidentlik çekişmesinde Ukraina, Gaza boýunça çekeleşdi

Kamala Harris (sagda) we Donald Tramp 10-njy sentýabrda Filadelfiada geçen gazaply prezidentlik çekişmesiniň öňüsyrasynda elleşip salamlaşýar.

Prezident wezipesine demokrat dalaşgär Kamala Harris we respublikan dalaşgär Donald Tramp 5-nji noýabrda boljak saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ilkinji hem-de, megerem, iň soňky ýeke-täk çekişmesinde Ukraina we Gaza çaknyşyklary boýunça çekişdi.

Çekişme öň asla duşuşyp görmedik iki garşydaşyň garaşylmadyk ýagdaýda elleşip salamlaşmagy bilen başlandy. Harris sahnada Trampyň ýanyna baryp, elleşip salamlaşdy we adyny aýdyp özüni tanyşdyrdy. Bu elleşik 2016-njy ýyldan bäri geçirilen prezidentlik çekişmelerindäki ilkinji gezek elleşip salamlaşma boldy.

Ýöne şondan soňra gazaply çekişme başlandy.

Harris Trampy rus prezidenti Wladimir Putiniň göwnünden turmak üçin, Birleşen Ştatlaryň Ukraina berýän goldawyndan el çekmäge höwesli bolmakda aýyplady we ony “masgaraçylyk” atlandyrdy. Bu aralykda, Tramp Harrisiň Ysraýyly ýigrenýändigini öňe sürdi. Harris bu öňe sürmäni ret etdi.

Adamlar Nýu-Ýorkda prezidentlik çekişmesine bilelikde tomaşa edýär.

Olaryň hiç haýsy bu çaknyşyklaryň nädip soňuna çykjakdyklary barada jikme-jiklik hödürlemedi, ýöne Tramp, eger saýlawlarda ýeňiş gazansa, entek prezident wezipesine girişmezden, Ukraina urşuny özüniň soňlap biljekdigini erjellik bilen aýtdy.

Ýöne, bu hereket öňden gelýän doktrina ters geler, häzriki doktrina bir wagtda diňe bir prezidenti ykrar edýär we daşary syýasat bilen bagly kararlar saýlanan prezidente däl, diňe iş başyndaky prezidente ynanylýar. Şeýle-de, Putin bilen Zelenskiniň arasynda ylalaşygy ýola goýmak boýunça edilen islendik hereket Logan kanunynyň bozulmagy bolup biler, sebäbi 19-njy asyrda kabul edilen bu kanun özbaşdak raýatlaryň daşary syýasaty durmuşa geçirmegini gadagan edýär.

“Men Ukrainadaky urşuň çözülmegini isleýärin. Men muny hatda entek prezident bolmankam çözüp bilerin” diýip, Tramp aýtdy. “Men urşuň gutarmagyny isleýärin. Men ömürleri halas etmek isleýärin” diýip, ol belledi.

Ýöne Harris günä bildirip, Tramp urşy tiz wagtda soňlap biler sebäbi, “ol göni boýun synar” diýdi.

Demokrat wise-prezident Waşingtonyň Ýewropa we NATO ýaranlarynyň Trampyň iş başynda bolmandygyna “minnetdar” bolandyklaryny, olaryň “dünýäniň şaýat bolan iň beýik harby [ýaranlygy bolan] NATO” babatynda öwgüli gürrüňleri edendiklerini aýtdy.

Tramp Kongresde ikipartiýaly köplügiň goldawyna eýe bolan Ukrainanyň uruşda ýeňiş gazanmagynyň Birleşen Ştatlaryň bähbidine bolandygyna ynanýandygyny aýtmakdan iki gezek ýüz öwürdi.

Degişli maglumat Baýden, Tramp TW çekişmesinde Russiýa-Ukraina urşy boýunça çekeleşdi

Dalaşgärler içerki syýasat meseleleri babatynda hem çekeleşip, möhüm meseler, şol sanda ykdysadyýet, migrasiýa we abort meseleleri boýunça bir-biregi soraga çekdi.

Harris orta gatlaga degişli salgytlaryň möçberleriniň azaldylmagyny wada berdi. Şeýle-de, ol aborta bolan hukugyň federal kepilligini dikeltmek ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy, Bu hukuk iki ýyl ozal Ýokary kazyýet tarapyndan ret edilipdi. Tramp özüniň hödürleýän tarifleriniň Birleşen Ştatlaryň söwda pudagynda ýaranlar tarapyndan aldanylmagynyň öňüne geçmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Wise-prezident Kamala Harris Trampyň daşary ýurt harytlaryna ýokary tarif girizmek meýillerine hüjüm edip, özüniň maşgalalara we kiçi telekeçilere hödürlemegi meýilleşdirýän salgyt ýeňilliklerini magtady.

Tramp prezident Jo Baýdeniň dolandyryşy astynda inflýasiýanyň dowamly ýokary bolmagy babatynda Harrisi tankytlady, ýöne bahalaryň ýokarlanmagynyň derejesini ulaldyp aýtdy. “Inflýasiýa halk üçin, orta gatlak üçin, ähli gatlak üçin betbagtçylyk boldy” diýip, Tramp aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.