25-nji iýulda wise-prezident Kamala Harris Birleşen Ştatlaryň iň iri mugallymlar birleşiginde çykyş edip, özüniň prezidentlik saýlaw kampaniýasynyň gysgaça tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Ol “geljek üçin göreşmäge” wada berdi. Bu aralykda, soňky pikir soralyşyklar Harrrisiň Respublikançy bäsdeşi Donald Tramp bilen arasyndaky ara-tapawudy kiçeldendigini görkezýär.
Harris Hýustonda Mugallymlaryň Amerikan Federasiýasynda eden çykyşynda, esasy ünsüni ykdysady meselelere we işçileriň hak-hukuklaryna gönükdirdi. Ol elýeterli saglygy saklaýyş we çaga ideg planlary barada gürrüň etdi. Şeýle-de, Respublikançylary mekdeplerdäki ok atyşyklardan soň, ýarag çäklendirmeleriň öňüni böwetlemekde tankytlady.
Tramp 25-nji iýulda, Harrisiň saýlaw ýaryşynda prezident Jo Baýdeniň ornuna geçeninden bäri eden ilkinji çykyşynda, ony tankytlady.