ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris 2024-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda partiýanyň adyndan dalaşgär bolmak nominasiýasyny kabul etdi.
59 ýaşly Harris Çikagoda Demokratik partiýanyň Milli gurultaýynyň dördünji we soňky gününiň dowamynda eden çykyşynda, Ukrainany harby taýdan goldamagy dowam etdirmäge, şeýle-de NATO-ny berkitmäge wada berdi.
Harris ABŞ-nyň taryhynda möhüm partiýanyň adyndan prezidentligine dalaş etjek ilkinji garaýagyz aýal bolar.
Harris Respublikançy partiýasyndan özüniň bäsdeşi Donald Trampy awtoritar liderler bilen ysnyşmakda ýiti tankytlady.
Prezident Jo Baýden 21-nji iýulda prezidentlik ugrundaky bäsleşikden çekilmek kararyna geldi. Partiýadaş egindeşleri 81 ýaşyndaky prezidentiň saýlawda ýeňmek we ýene bir dört ýyl hyzmat etmek mümkinçiliginden alada galypdylar.