ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris 6-njy noýabrda Waşingtonda, öz goldawçylaryna ýüzlenip eden çykyşynda 5-nji noýabrda geçirilen prezident saýlawynda öz respublikan bäsdeşinden, öňki prezident Donald Trampdan ýeňlendigini boýun aldy.
"Bu saýlawyň netijesi biziň isleýän, gazanmak üçin göreşen we ses beren zadymyz däl, ýöne maňa gulak asyň, Amerika wadasynyň çyrasy elmydama, biz ýan bermesek we göreşimizi dowam etdirsek, şonça uzak nur saçar” diýip, ol tarapdarlaryna ýüzlenip, Trampdan ýeňlendigini jemgyýetçiligiň öňünde ilkinji gezek boýun alanda aýtdy.
"Men bu saýlawdaky ýeňlişimi kabul etsem-de, bu kampaniýanyň hyjuwlandyran göreşinde ýeňlendigimi kabul etmeýärin" diýip, ol öz okan Howard uniwersitetinde aýtdy.
Ol Trampa telefon edende ony ýeňiş bilen gutlandygyny we oňa hem-de toparyna geçiş wagtynda Ak tama dolanyp gelmek kömegini teklip edendigini aýtdy.
"Biz häkimiýetiň parahatçylykly geçişine gol ýaparys" diýip, ol märekäniň şowhuny astynda söz berdi.