Türkmenistanyň dürli sebitlerinde gallaçy kärendeçiler pes hasylly bugdaý meýdanlarynda orak möwsümini geçirýän mahaly, prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda, görnüşinden, ýörite saýlanyp alnan bol hasylly bugdaý meýdanynda galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdylar.
Habarçylarymyz Lebap welaýatynyň Halaç we Saýat etraplarynda, şeýle-de Mary welaýatynyň Baýramaly we Murgap etraplarynda galla hasylynyň ýagdaýyny öwrendiler.
Maglumata görä, Lebap welaýatynda hasyl pes, ýöne Mary welaýatynda has pes.
Gündogar sebitde habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan birnäçe gallaçy kärendeçi dowam edýän orak möwsüminde özleriniň plan borçnamalaryny dolup bilmändiklerini aýdýarlar.
Türkmenistanda gallaçy daýhanlar özlerine bölünip berlen kärende ýerlerinde şertnama esasynda bugdaý ösdürip ýetişdirýärler we ýetişdirilen hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satýar. Döwlet daýhanlary ýeňillikli dökün we tehnika bilen üpjün etmäge borçlanýar.
Degişli maglumat Marynyň oba ýerlerinde mugallymlar bugdaý garawullamaga çekilýär“Biz bugdaý ekip, munuň ýaly pes hasyl alyp görmedik!” diýip, lebaply daýhanlar aýdýar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we oba hojalyk resmileri üstümizdäki hasyl möwsüminiň tas başyndan bäri, ekiş we ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilendigini, daýhanlaryň mineral dökünler, ekerançylyk suwlary we oba hojalyk tehnikalary bilen wagtly-wagtynda üpjün edilendigini yzygiderli habar berip gelýär.
Ýöne bugdaý meýdanlaryndaky hasylyň ýagdaýy döwlet mediasyny we oba hojalyk resmilerini ýalana çykarýar.
“Bu ýyl näme üçin bugdaý hasyly pes boldy?” diýip, lebaply kärendeçiler zeýrenýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan gallaçylar pes hasyly gyş paslynyň sowuk gelmegi, ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi we ýylyň dowamynda ygalyň az bolmagy bilen ilteşdirýärler.
Mary welaýatynda hasylyň ýagdaýy Lebapdan hem erbet. Azatlygyň habarçysy özüniň baryp gören ýerlerinde bugdaý meýdanlarynyň ençemesini gamyş basandygyny aýdýar.
“Gamyşlaryň arasynda kombaýn näme işleýär diýip, ilki geň galdym! Soň seredip otursam, ol gamyş meýdany däl-de, bugdaý meýdany ekeni. Kombaýn gamyşlygyň içinde bir sagat töweregi aýlandy. Bugdaý daşaýan ýük ulaglary bir kenarda garaşýar. Kombaýn gamyşlygyň içinde gaýta-gaýta aýlandy, ýöne bunkerini dolduryp bilmedi. Nireden doldursyn?” diýip, maryly kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Maryly we lebaply daýhanlar pes hasylly bugdaý meýdanlarynda harman atmaga çalyşýan mahaly, Türkmenistanyň prezidenti 13-nji iýunda Balkan welaýatynda galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.
Döwlet telewideniýesi Gyzylarbat etrabynda “bol hasyldan ýaňa tas dökülip oturan” bugdaý meýdanlaryny görkezdi. Köpetdagyň eteginde ýerleşen bol hasylly galla meýdanlarynyň, görnüşinden, drondan düşürilen wideolary döwlet telewideniýesinde efire berildi.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi “gözüňi dokundyrýan bugdaý başlarynyň tolkun atýan meýdanlarynyň” “daýhan yhlasy” bilen ýetişdirilendigini aýtdy. Şeýle-de, bugdaý meýdanlarynyň gyrasynda “hatara düzülen” kombaýnlar görkezildi.
Degişli maglumat Baýramaly, Sakarçäge: Ýol ýakalaryndaky bugdaý meýdanlarynda gyssagly oraga girişmek talap edilýärDöwlet telewideniýesi Marynyň gamyş basan bugdaý meýdanlarynda hasyl gözläp, “iki ýana urunýan” kombaýnlary, ýa-da Lebapda plan borçnamasyny dolup bilmän, ýylyň ygalsyz, ýa sowuk gelmeginden, suw ýetmezçiliginden şikaýat edýän, “hyrçyny dişläp ahmyr edýän” gallaçy kärendeçileri görkezmedi; ýa-da bolmasa, bugdaýa derek saman ýygnap, saman bilen “göwünlerini hoşlamaga” çalyşýan maryly daýhanlaryň halyndan habar alynmady.
Döwlet mediasy Gyzylarbatda gözýetime uzap gidýän bugdaý meýdanlarynda serlip ýatan dykyz däneli bugdaýlary, hasanaklap galla hasylyny ýygnaýan läheň-läheň kombaýnlary görkezdi.
Biraz öň, maýyň ahyrlarynda sebit häkimiýetleriniň resmi taýdan galla oragyna girişmek dabarasyny geçirmek üçin, bol hasylly galla meýdanlaryny gözleýändikleri mälim bolupdy.
Galla oragyna ýurduň Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynda 2-nji iýunda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda 9-njy iýunda girişildi.
Türkmenistanda nobatdaky hasyl möwsüminde ýurt boýunça 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.