Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCL) prezidenti Deýwid Lappartient fransuz Le Monde neşirine beren interwýusynda, Türkmenistanyň öňki awtoritar prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 2020-nji ýylda gowşuran 'iň ýokary' medalynyň, aslynda, iň ýokary medal bolmandygyny aýtdy.
Ýatlasak, global koronawirus pandemiýasy döwründe, 2020-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine görä, Lappartient hem-de Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy, russiýaly oligarh Igor Makarow wideoaragatnaşyk arkaly Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, oňa birleşigiň “iň ýokary” medalyny gowşurdy. Şonda aýdylmagyna görä, bu, guramanyň “aýratyn tapawutlanan adamlara berilýän iň ýokary baýragydy we, sport guramasynyň emeldarynyň tassyklamagyna görä, “2007-nji ýyldan bäri beýle medaly alyp bilen bolmandy”.
Ýöne fransiýaly emeldar üç ýyl soň, özüniň awtoritar lider bilen hem-de russiýaly oligarh bilen gatnaşyklary fransuz mediasy tarapyndan sorag astyna alynýan mahaly, birden, öwrüm edip, Berdimuhamedowa gowşuran sylagynyň ähmiýetini ret etdi.
“Men oňa [Gurbanguly Berdimuhamedowa] medal gowşurdym we onuň guramanyň iň ýokary tapawutlandyryş nyşanydygyny aýtdym, ýöne bu beýle däldi... Ol adaty bir medaldy, beýle tarapyna oýulan ýazgy ýazypdyk. Munuň bahasy bolubilse 50 ýewro bolup biler" diýip, Lappartient Le Monde gazetine aýdypdyr.
Degişli maglumat Welosipedçiler neşiri Berdimuhamedow-Makarow hyzmatdaşlygyndaky 'syrly sylagy' sorag astyna alýarHäzirki wagtda Lappartient Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti wezipesi bilen bir hatarda Fransiýanyň Olimpiýa komitetine başlyklyga dalaş edýär. Fransuz metbugatyna görä, bu wezipe ugrunda alnyp barylýan bäsleşikde iki dalaşgär öňe saýlanýar. Fransuz Olimpiýa komitetiniň prezident saýlawlary şu ýyl 29-njy iýunda geçirilýär.
Bu saýlawlaryň öňüsyrasynda fransiýaly sport emeldary özüniň awtoritar lider bilen gatnaşygy fransuz mediasy tarapyndan sorag astyna alynýan mahaly, Berdimuhamedowa gowşuran sylagynyň ähmiýetini ret etdi.
Şol bir wagtda, Lappartientiň başlyklyk edýän Halkara welosipedçiler birleşiginiň dolandyryjy komitetiniň agzasy, russiýaly oligarh Igor Makarow, fransuz metbugatyna görä, geçen ýylyň fewralynda Ukraina garşy esassyz çozuşa girişen "rus režimi bilen ýakyn gatnaşykda" aýyplanyp, birnäçe Günbatar döwletleri tarapyndan sanksiýa sanawyna goşuldy.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bir döwür “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanda doglan, russiýaly oligarh Igor Makarowy Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert hünärmeni wezipesine belläpdi.
“Escape Collective” neşirine görä, welosipedçiler birleşiginiň başlygy Daýwid Lappartient we rus oligarhy Igor Makarow 2019-njy ýylda Makarowyň hususy uçary bilen Aşgabada sapar edip, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşypdyr.
Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, Makarow 2019-njy ýylyň dowamynda azyndan üç gezek – 28-nji martda, 9-njy awgustda we 29-njy awgustda – türkmen paýtagtynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 29-njy awgustda geçiren Igor Makarow bilen geçiren duşuşygyna, türkmen metbugatyna görä, şol döwür Türkmenistanyň nebit gaz meseleleri boýunça wise-premýeri Ýagşygeldi Kakaýew hem çagyrylypdy. Bu duşuşygyň yz ýany, rus oligarhy Türkmenistanyň prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert hünärmeni wezipesine bellenipdi. Nebit gaz boýunça hökümet başlygynyň orunbasary Kakaýew bir ýyl soň, 2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda, türkmen hökümetiniň inkär eden global koronawirus pandemiýasy döwründe, “pnewmoniýadan” aradan çykdy. 2021-nji ýylyň fewralynda Berdimuhamedow öňki wise-premýer we nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny Aşgabatdaky Halkara nebit-gaz institutyna dakyp, onuň adyny ebedileşdirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda düýbi Şweýsariýada ýerleşýän Halkara welosipedçiler birleşiginiň başlygy Deýwid Lappartient we “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň başlygy Igor Makarow (UCI-niň dolandyryş komitetiniň agzasy) bilen 2021-nji ýyldaky tigir sürmek çempionatyny Aşgabatda geçirmek ylalaşygyna-da gelipdi.
Degişli maglumat ABŞ-nyň Maliýe departamentiniň "kreml hasabatyndaky" rus oligarhyna Türkmenistanda ýokary wezipe ynanyldyÝöne Aşgabat soňy bilen, global koronawirus aladalaryna salgylanyp, bu çäräni geçirmekden ýüz öwürdi.
Azatlyk Radiosynyň synçylary Lappartient – Makarow – Berdimuhamedow “triosynyň” arasynda ýyjgamlaşan ysnyşykly gatnaşyklary, şol döwür, “saçakly gatnaşyklar” häsiýetlendiripdiler.
Häzirki wagtda Halkara welosipedçiler birleşiginiň başlygy Lappartient Fransiýanyň iri sport guramasyna prezidentlige dalaş edýän mahaly, öňki awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beren sylagyndan ýüz öwürýär. Birleşigiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy, russiýaly oligarh Igor Makarow Ukrainada esassyz agressiýasyny dowam etdirýän “rus režimi bilen ilteşiklikde” aýyplanyp, sanksiýa sanawlaryna girizilýär.
Türkmenistanda heniz hem häkimiýet jylawyny öz elinde jemleýän öňki prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet metbugatyna görä, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge ygrarlylykda, Türkmenistanda sporty, şol sanda tigir sportuny ösdürmäge goşant goşmakda mahabatlandyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.