Halk mejlisi Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky ýadawlygy açyp görkezdi - syýasy synçy

Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy

Döwlet telewideniýesi we metbugat serişdeleri paýtagtyň kaşaň köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň “taryhy mejlis” bolanlygy barasynda habar berýän mahaly, real durmuşda, stadionlarda we meýdançalarda yzy üzülmeýän mejbury çärelerden ýadan halkyň “Berdimuhamedowlara şöhrat” diýip gygyrmakdan, hakykatdan-da, halys ýadandyklaryny görmek bolýar diýip, türkmen synçysy golaýda redaksiýamyza iberen syýasy seljermelerinde aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany şeýle seljermelere gönükdirilýär, Aşgabatda geçen soňky halk mejlisiniň fonunda, türkmen syýasatyna onlarça ýyl bäri agalyk edýän doňakçylyga we durgunlylyga nazar aýlaýar, ýöne şol bir wagtda umyt uçgunlaryny görmäge synanyşýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

DT: Halk mejlisi Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky ýadawlygy açyp görkezdi - syýasy synçy

Ilki bilen, temadan daşlaşyp, günüň möhüm bir täzeligini ýatlalyň! 6-njy oktýabrda Türkmenistan 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryny ýatlaýar, şeýle-de uruşlarda wepat bolan türkmenistanlylaryň ýasyny tutýar, bu wakalara bagyşlap hatyra çärelerini geçirýär.

Şeýleräk gysgaça täzelikden soňra, gepleşigimiziň esasy temasy bilen söhbete girişeli:

"[Döwlet mediasy halk mejlisini taryhy mejlis hökmünde mahabatlandyrýan mahaly], ýurt içinde pagta ýygymyna, abadanlaşdyryş işlerine we beýleki çärelere mejbury çekilýän býujet işgärleriniň barha köp işden çykyp gidýändiklerini görmek bolýar, hatda häkimiýet başyndaky adamlaryň esasy sütünleri bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, polisiýa we harby ofiserleriň hem köpçülikleýin işden çykyp gidýändigini synlasa bolýar, bazarlarda we azyk harytlarynyň nobatlarynda mundan beýläk gizläp bolmajak garyplaşmany we hor-homsylygy görmek bolýar, häkimlikleriň, arçynlyklaryň, migrasiýa gulluklarynyň öňünde öz problemalaryny indi aç-açan dile getirmäge milt edýän märekäni synlasa bolýar, bu problemalar babatynda toýlarda, iş ýerlerinde we sosial mediada ýarym açyk, tas aç-açan görnüşde alnyp barylýan özara pikir alyşmalaryň sesini eşitmek bolýar" diýip, syýasy synçy aýdýar.

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda býujet işgärleriniň jemgyýetçilik çärelerine mejbury çekilmegi, olardan dürli bahanalara esaslanylyp, yzygiderli görnüşde pul serişdeleriniň mejbury toplanylyp alynmagy ýaly meseler türkmen syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň mizemez bölegine öwrülip gidene çalym edýär. Ýöne ýerli synçy alaçsyz mejburylyklaryň hem-de manydan mahrum hökmanylyklaryň arasynda halk içinde pyntyklaýan umyt uçganaklaryny görmäge çalyşýar.

Syýasy doňakçylygyň eremek ähtimallygy, döwlet syýasatynyň üzňelik ýörelgesiniň aradan aýrylmak ähtimallygy, ýerli synçynyň ynanjyna görä, diňe bir hyýalbent göwün ýüwürtme bolman, eýsem, halk arasyndaky gymyldy-hereketden, üzňelikden we doňaklykdan azat durmuşa teşnelikden habar berýär.

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň “taryhy mejlisinde” düşürilip, döwlet telewideniýesinde efire berlen wideo şekiller “türkmen raýatlarynyň hem öz ýadawlyklaryny indiden beýläk gizläp bilmeýändiklerini” görkezdi diýip, ýerli synçy aýdýar.

Ol özüniň bu sözlerini mejlisiň dowamynda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynyň arasynda “Gahryman Arkadaga şöhrat” diýip gygyrmaly ýerde “şöhrat” diýip gygyrmaýan adamlaryň wideo kameralaryň obýektiwine ilip, olaryň döwlet telewideniýesinde efire berilmegi bilen delillendirýär.

Ýygnanlaryň arasynda “şöhrat” sözüni aýtman, diňe çapak çalýan adamlary görmek bolýar diýip, syýasy synçy aýdýar.

Türkmenistan üçin şuňa meňzeş inçe we ýumşak alamatlar hem uly özgerişleriň buşlukçysy hökmünde kabul edilip bilner. Ýöne synçylar “umyt söwdagärligi” bilen meşgullanmakdan çetde durmaga çalyşýarlar. Şonuň üçin anyk bir zat aýtmak kyn bolup biler, ýöne örän kiçi we öçügsi hem bolsa, türkmen synçysy, halk arasynda oýkanjyraýan üýtgeşiklik alamatlaryny görmäge çalyşýar.

“Halk maslahatynyň mejlisinde [döwlet sylaglaryny kabul eden adamlara] medal paýlananda aç-açan öz aralarynda gürrüň edýän "kümüş saçly eneleri" hem görmek bolýardy” diýip, ýerli synçy döwlet telewideniýesinde efire berlen halk mejlisine salgylanýar.

Halk Maslahaty

24-nji sentýabrda Aşgabadyň günortasynda, Konstitusiýa binasynyň garşysynda ýerleşýän Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Synçylar bu maslahatda halkyň hakyky meseleleriniň gozgalmandygyny aýtdylar. Geçen gepleşigimizde hem belläp geçişimiz ýaly, bu maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk etdi.

Döwlet metbugatyna görä, Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda ýurtda gazanylan “ösüşleri” magtady, Türkmenistanyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekdäki wezipeleriň üstünde durup geçdi, ýurduň zähmet we maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçilere goldaw bermek bilen bagly teklipler bilen çykyş etdi. Ol daşary syýasat babatynda ýurduň bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Eýsem, halkyň haýsy hakyky meseleleri agzalmady? Türkmenistanly syýasy synçy şol meseleleriň käbirlerine ünsi çekýär.

Ol bu meseleleri esasan iki topara bölýär: ýurt içindäki raýatlaryň meseleleri, hem-de ýurt daşyna çykan raýatlaryň problemalary.

Býujet işgärleriniň mejbury çärelere çekilmegi, olardan mejbury pul serişdeleriniň ýygnalyp alynmagy ýaly problemalar edara-kärhanalarda işleýän adamlary işden sowadýar. Şeýle göwünsizlik, türkmen synçysynyň seljermelerine görä, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerinde hem başga şekilde we formada ýüze çykýar. Olaryň arasynda hem köpçülikleýin işden gitmeler hasaba alynýar. Şu wagta çenli agzalan problemalar, resmi ritorika bilen aýdylanda, “bagtyýar durmuşda ýaşaýan” hasaplanýan adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan, ýöne resmi metbugatda aýdylmaýan problemalary bolup durýar. Şol bir wagtda, işsizler, üpjünçiligi pes hojalyklar aýrybaşga problemalary başdan geçirýär. Olaryň käbirleri iş eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmegi saýlap alsa, meselem, ýurtdan çykmakda düýbünden başga-başga problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Mysal üçin, pasport almaly, pasportynyň möhletini uzaltmaly, iş tapmaly we ş.m-ler... Daýhanlar, kärendeçiler, oba senagat toplumynyň işgärleri hem bir topar problemalara duçar bolýar. Durmuş-ykdysady problemalar bolsa, ilatyň tas ähli gatlagyna öz täsirini ýetirýär.

Bir topar problemalar dowam edýän pursatynda, synçylara görä, iň kyn tarapy, adamlar şol problemalary azat görnüşde aýtmakdan çekinýärler. Sebäbi, problemalar barada dil ýaryp, hökümetiň alyp barýan syýasatyny tankyt edýän ýa-da dürli talaplar bilen köpçüligiň öňünde çykyş etmäge milt edýän adamlar häkimiýetler tarapyndan yzarlamalara sezewar edilýärler. Indi, ýerli synçy şeýle meýilleriň ýuwaş-ýuwaşdan üýtgäp barýandygyny aýdýar.

Ol hökümet binalarynyň öňünde, meselem, häkimlikleriň, arçynlyklaryň, ýa-da migrasiýa gullugy ýaly hökümet edaralarynyň öňünde arz-şikaýatlaryny aç-açan aýdyp, sosial mediada hem ýarym açyk ýa-da tas aç-açan görnüşde problemalara ünsi çekip başlan adamlaryň peýda bolup başlandygyny aýdýar.

Bu meseleleriň Halk maslahatynyň mejlisi bilen arabaglanyşygyna dolansak, synçylar, halkyň hakyky meseleleriniň bu mejlisde gozgalmandygyny nygtaýarlar.

Ýaşulular maslahata gatnaşýar. Arhiw suraty.

Ýurduň daşynda galan we dürli çeşmelere görä, iki milliona çenli sany bolan türkmen raýatlarynyň ykbaly hem öwgüli däl: on müňlerçesi - pasportsyz we gaçak, ýüz müňlerçesi - möhleti uzaldylan we şu ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda güýjüni ýitirýän pasportly potensial legal däl migrantlar, ýene on müňlerçesi - her köpüge mätäç pulsuz, kartsyz, kömeksiz, köp halatda - dokumentsiz galan türkmen studentleri, bu sanawy sanasaň sogaby bar. Emma "Watan halky bilen Watan bolýandyr" diýýän prezident Berdimuhamedow näme üçin geçirilen Halk Maslahatynda hakyky durmuşy meseleler hakynda kelam agyz söz aýtmady?

Bu sorag häzirki wagtda ýüz müňlerçe türkmenistanlyny gyzyklandyrsa-da, arman, türkmen döwlet senzurasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň işgärlerini we umuman ýurduň ideologiýasyna jogapkär iň ýokary derejeli emeldarlary gyzyklandyrmaýar.

Sebäbi, olaryň özi üçin hiç hili mesele ýok - islän iýmiti, islän puly, islän ýurduna baryp gelmek, islän okuwyna çagalaryny ibermek, islän maglumatyny internetden almak. Bularyň ählisi olar üçin "elýeterli" bagtdyr. Ýöne halkyň hakyky durmuşy, onuň hakykata, erkinlige, ykdysady bolçulyga teşneligi gün-günden artyp barýar diýip, ýerli synçy aýdýar.

Ol türkmen halkynyň arasyndaky ýadawlygy sowet giňişligine 1980-nji ýyllarda aralaşan ýadawlyga meňzedýär. Geliň häzir şol maglumatlary edil bolşy ýaly ýerli synçynyň öz galamyndan diňläli:

Bu Maslahat nähili hem bolsa 1980-1984-nji ýyllary ýatladýar. Şol ýyllar hem, sowet durgunlylygynyň iň bir demikdiriji ýyllarydy. Owgan urşy gidip durka, ýurtda iň bir adaty durmuşy harytlaryň agyr ýetmezçiligi saklanyp galýarka, Merkezi telewideniýede "Gadyrly ýoldaş" Brežnewi görkezýärdiler. Ýöne eýýäm şol ýyllarda hem jemgyýetiň kommunistik partiýanyň demikdiriji senzurasyndan we ýalanlaryndan ählumumy ýadawlygy hiç kim üçin eýýäm syr däldi. Muny hatda döwlet telewideniýesiniň operator hem režissýorlary hem gizlemeýärdiler, hut şonuň üçinem, meselem, ozalky SSKP MK-niň 1980-1982-nji ýyllardaky ýygnaklarynda çykyş edýän gartaşan hem aňkasy çaşan Brežnewi bolşy ýaly, ýagny "garry, emelsiz, gürleýän sözlerini bilmeýän, nirededigini unudan, labzy ýiten kesel we ýarawsyz ýolbaşçy" hökmünde görkezýärdiler. 1982-nji ýylyň noýabrynda Brežnew aradan çykyp, ýurtda ölümleriň we ýokary derejeli ýaslaryň bäşýyllygy başlandan soň bolsa, şol kommunistik partiýanyň ýygnaklarynda oturan adamlaryň ýüzündäki "ýylgyryşlar" hem ýitip ugrady. Bulary näme üçin ýatladyk? 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Halk maslahatynyň "taryhy" mejlisiniň wideoşekilleri hem türkmen raýatlarynyň "ahyrsoňy ýadawlygyny gizläp bilmändigini" görkezdi. Uly Berdimuhamedowyň çykyşynyň aralarynda "Gahryman Arkadaga şöhrat" diýip, uludan çapak çalmaly ýerlerde uly plan bilen diňe çapak çalýan, ýöne "şöhraty" aýtmadyk raýatlary görmek bolýar. Iň gyzyklysy - şeýle kadrlar köp halatda diňe bir yzdaky däl, öňdäki oturan adamlara degişlidir. Çapak çalýan adamlaryň arasynda umuman ýylgyrmadyk, medallar paýlananda bolsa, aç-açan öz arasynda gürrüň edýän "kümüş saçly eneleri" hem görmek bolýar.

Ençeme günläp öňünden repetisiýa edilýän we berk seçilip alnan adamlaryň şeýle özüni alyp barmagy we iň möhümi olaryň özlerini şeýle alyp barmagyny döwlet telewideniýesinde uly kadr bilen operatorlaryň görkezmegi hem jemgyýetiň içindäki göze görünmeýän proseslere yşarat edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bolsa bütin maslahatyň dowamynda diňe bir gezek – russiýaly alym Iwan Kuzmine Türkmenistanyň Gahrymany adyny dakanda ýylgyrdy, galan wagty uly kadrlarda onuň umuman biparh we islegsiz seredýän keşbini görmek bolýar.

Ýerli synçy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň gahrymany diýen hormatly at dakylan Jemal Sapawonyň mejlisiň dowamynda Berdimuhamedowlara “baky ömür” diläp aýdan sözlerine salgylanýar we bu sözlere Türkmenistandaky syýasy durgunlylygyň hem-de doňakçylygyň soňuna ýakynlaşylýan bolmagynyň ähtimallygy hökmünde çemeleşýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda eden çykyşynyň ahyrynda, bu gezek, üýtgeşik bir nutuk tilsime ýüz urdy. Ol sözüniň soňunda 12 sany nakyl aýdyp, türkmen halkyny esasan agzybirlige we jebislige çagyrdy. Ýaşuly Berdimuhamedow atalar sözüne salgylanyp, agzybir adamlaryň Taňrylarynyň bir bolandygyny aýtdy, arkalaşan adamlaryň dag aşýandygyny belledi, söýenişen ýykylmaz diýdi, ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn diýdi.

Bu maslahat 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň Gypjak obasynda ýerleşýän aramgähinde, Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde berlen sadaka bilen tamam boldy.

Degişli maglumat Berdimuhamedow Halk maslahatyny geçirýär, adamlar 'alada edýär'

'Syrly' sanlar

Ýerli synçynyň türkmen syýasaty babatynda käbir syrly sanlara salgylandy.

Simwolizmlere, yrymlara, täleýnamalara berk ynanýan Gurbanguly Berdimuhamedow üçin şu we gelejek ýyl örän gyzyklydyr: Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen bu maslahat 1983-nji ýylda SSKP MK-niň 1917-nji ýylyň oktýabr rewolýusiýanyň 66 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiren maslahatlaryny ýatlatdy.

Beýleki tarapdan, 2024-nji ýylyň güýzünde kommunistik režimleriň ýykylmagyna 35 ýyl dolýar, bu hem bäş sany 7-lik. (7-lik sany halaýan Berdimuhamedowlar hemme meselede bu sany ulanýarlar, meselem, olara 7 sany bedew her ýyl sowgat berilýär. Hatda kabul edýän maksatnamalary hem 2024-2052-nji ýyllar üçin, ýagny 28 ýyl, ýa-da 4 sany 7-lik).

Şeýle hem, şu ýyl Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelenine hem 17 ýyl boldy. Indi iň gyzyklysy bolsa, 2025-nji ýyl [hytaý müçenamasyna görä] ýylan ýyly bolup, taryhda ýylan ýyllary rewolýusiýalar we gozgalaňlar ýyly adyny aldy.

Ähli täleýnamalary göz öňünde tutsak, Gurbanguly Berdimuhamedow dogrudan-da, bir tarapdan, halkyň real durmuşy hakynda aç-açan gürlemäge syýasy erk tapmasa, beýleki tarapdan, ilatyň bolaýjak närazylygyny, artýan erkin pikir alyşmalaryň öňüni almak üçin "jebislik, agzybirlik" temalaryny ýatlady.

Ýöne nähilem bolsa, geçirilen maslahat şübhesiz taryhydyr, megerem, geçen çärýek asyrlyk üzňeligiň we 33 ýyllyk Garaşsyzlygyň fonunda bu maslahatda ilkinji gezek ýylgyrmadyk, özara gürleşýän we "şöhraty" gygyrmaýan adamlary görmek bolýar. Adaty durmuşda hem "şöhrat gygyrmakdan" ýadan adamlaryň sanynyň köpelendigini, halkyň hakyky kynçylyklaryny boýun almazdan hiç hili meseläniň çözülip bilinmeýändigini görmek bolýar diýip, türkmen synçysy aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.