Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi sentýabrda Aşgabatda geçiriler

Azatlygyň söhbetdeşleri Halk maslahatynda halkyň problemalary barada gürrüň edilmegine asla rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi 24-nji sentýabrda Aşgabadyň Maslahat köşgünde geçiriler. Bu baradaky degişli karara 20-nji iýulda Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gol goýdy.

Synçylaryň köpüsi öz taryhynda Ýaşulular maslahaty hem diýlip atlandyrylan bu gurluşy, ozalky prezidentleriň şahsyýet kultlarynyň güýçlendirilmeginde, ilatyň ýaşaýyş, durmuş şertleriniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşmagynda “özboluşly” rol oýnan gurama hökmünde häsiýetlendirýärler.

Azatlygyň söhbetdeşleri Halk maslahatyna berk saýlanyp-seçilen, ol ýerde çykyş etmeli edilen we ellerine sözlejek sözleri ýazylyp berlen adamlaryň çagyrylýandygyny we halkyň problemalary barada gürrüň edilmegine asla rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.