24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu mejlise wekilçilikli edaranyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi. Synçylar halk adyndan geçirilen nobatdaky ýene bir maslahatyň umumy gürrüňler bilen taryha geçendigini aýtdylar.
Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşigi türkmen paýtagtynda geçen halk mejlisine gönükdirilýär. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.
Döwlet metbugatyna görä, Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda ýurtda gazanylan “ösüşleri” magtady, ýurduň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekdäki wezipeleriň üstünde durup geçdi, ýurduň zähmet we maliýe bazaryny ösdürmek, telekeçilere goldaw bermek bilen bagly teklipler bilen çykyş etdi. Ol daşary syýasat babatynda ýurduň bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanda “abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa – döwlete gulluk edýär” diýdi.
Türkmenistan dünýä kartasynda adam hukuklary berk basgylanýan ýurt hökmünde tanalýar we özüniň diýdimzor döwlet dolandyryş usuly bilen awtoritar ýurtlaryň arasynda hem öňe saýlanýar.
Türkmenistanda Halk Maslahaty ýokary wekilçilikli garaşsyz gurama hökmünde 2023-nji ýylyň ýanwarynda dördünji gezek gaýtadan dikeldildi. Bu gurama ýurduň ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy we kazyýet häkimiýetleriniň üçüsini-de bir saýawan astynda birleşdirýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar