Häkimiýetleriň “çörek nobatsyz satylýar” düşünjesini döretmek tagallalary saklanýar

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynyň biriniň arka gapysynda azyk nobatyna duran ýaşaýjylar (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynyň käbirinde ilata ýeňillikli bahadan buhanka çöreginiň çäkli möçberde satylmagy dowam edýär. Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetleriň “ýurtda çöregiň nobatsyz we erkin satylýandygy” baradaky düşünjäni döretmek tagallalary hem saklanýar.

Golaýda Kaka etrabyndaky döwlet dükanyndan çörek satyn almaga çalşan maryly ýaşaýjy öz başdan geçirenlerini Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berip, häkimiýetleriň özüni geň galdyrmagy dowam etdirýändigini aýtdy.

“Men we iki dostum şu hepde Marydan geldik. Kakanyň deňinden geçip barýarkak, ertirlik garbanmak üçin ýoluň gyrasynda ýerleşýän döwlet dükanyna girip, azyk iýmitlerden, şol sanda dükan tekjesinde örülip goýlan buhanka çörekden bermegi sorap, satyjy geline ýüzlendik. Ol bize nobata durmalydygymyzy aýtdy, ýöne daş-töweregimize garadyk, ýanymyzda duran adam ýokdy” diýip, maryly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabatda baýramçylykda pagta ýagyny köpräk satyn alanlar tutuldy

Ol satyja bir-birden dükana girip, çörek satyn alyp çykýan adamlardan başga hiç kimiň ýokdugyny, nobata duran alyjylaryň hem ýokdugyny aýdyp, “bagyşlaň, adam ýok ahyryn, kimiň yzyndan nobat bellemeli?” diýip sorandyklaryny belleýär.

“Satyjy bize ‘dükandan daşyna çykyp, daş ýüzünden aýlansaňyz, dükanyň arkasynda adamlary görersiňiz’ diýip jogap berdi. Biz daşyna çykyp, aýlanyp görsek, 100-e golaý adamyň çörek nobatynda durandygyny gördük. Dükanyň daş tarapynda duran beýleki bir satyjy gelin olary bir-birden dükana goýberip, biri çörek satyn alyp çykandan soň, başga birini goýberip durdy. Bu daşdan gelen we bihabar adamlar üçin, hamala, çörek nobatsyz we erkin satylyp duran’ ýaly ýalan düşünjäni emele getirýär” diýip, maryly ýaşaýjy sözüni jemledi.

Şu ýylyň fewral aýynyň birinji ongünlüginde türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan berilýän unuň we tamdyr çöreginiň bahasyny duýdansyz üç-dört esse ýokarlandyrdylar. Munuň bilen bir wagtda, soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri ilata ýeňillikli bahadan satylan unuň, tamdyr çöreginiň we ýagyň satuwy bes edildi. Bu waka, hökümetiň bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyny 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, 2,5 esse ýokarlandyrmagy bilen utgaşdy.

Habarçylarymyz häzirki wagtda döwlet dükanlarynyň käbirlerinde ilata ýeňillikli bahadan buhanka çöreginiň çäkli möçberde satylmagynyň dowam edýändigini aýdýarlar.

Ýöne Aşgabatdaky habarçymyz we çeşmämiz bu prosesiň doly, ýagny çörek satylyp başlandan tä satylyp gutarýança, wideo düşürilýändigini belleýärler.

Degişli maglumat Aşgabadyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, azygyň gymmatlamagynyň “adaty ýagdaýdygy” aýdylýar

“Wideo soňy bilen seljerilýär we öwrenilýär. Alyjylar kimler? Her gün şol bir adamlar gelýärmi? Olar paýtagtyňmy ýa-da çetki etrapdyr obalaryň ýaşaýjylarymy? Bu adamlar arzan çörege mätäçmi ýa-da maglumat toplamaga gelýän adamlarmy? Ýörite gulluklar bulary anyklamak ugrunda iş alyp barýarlar” diýip, ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Habarçymyz Oraza baýramynyň öňüsyrasynda, ýeňillikli bahadan satuwa çykarylan pagta ýagynyň söwdasynyň hem paýtagtyň tas ähli sebitinde goýbolsun edilendigini belleýär.

“Häzir diňe Altyn asyr gündogar bazarynda irden her adama bir litrlik pagta ýagyny 16 manatdan satýarlar. Bu täjirçilik nyrhyndan ortaça 2 manat arzan. Bu ýerde ir bilen uzyn nobatlar döreýär. Başga ýerde arzan pagta ýagy satylmaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ýurtda ýedi ýyl töweregi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we bazarlarda harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli bahadan satylýan azyk harytlaryna garaşly bolup galýar.

Hökümetiň ilata azygy ýeňillikli bahadan satmagy bes etmegi bu hojalyklaryň we işsizlikden kösenýän ýurt ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini agyrlaşdyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlary resmi derejede agzamaýarlar. Azatlygyň bu barada degişli türkmen häkimiýetlerinden teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermeýär.

Degişli maglumat Aşgabatda sadaka soraýan garrylar we ýaş çagaly eneler köpelýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.