Häkimiýetler nägile raýatlardan nägile bolýar

Aşgabatdaky bir azyk dükanynyň girelgesi. Bezeg suraty.

Türkmen häkimiýetleri, dowam edýän azyk gymmatçylygynyň arasynda, öz raýatlaryny yzarlamak işlerini güýçlendirýär. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabatda ýerleşýän dükanlarynda goşmaça wideo we audio gözegçilik enjamlary oturdylýar.

Häkimiýetler bu çäreleri ilat arasynda azyk harytlarynyň gymmatlamagy bilen bagly dowam edýän nägilelikleriň gerimini anyklamak synanyşyklary bilen baglanyşdyrýarlar.

Dükanlara wideo we audio gözegçilik enjamlarynyň ornaşdyrylmagy Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň dükanlarynda ogurlyk hadysalarynyň artandygy barada ýaňy-ýakynda beren habarlarynyň yz ýanyna gabat gelýär.

“Azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň fonunda, soňky wagtlarda, hökümeti we prezidenti kemsidiji sözleriň alyjylar tarapyndan aýdylmagy ýaly hadysalaryň ýygjamlaşmagy bilen, dükanlara ozal oturdylan wideo kameralar ýeterlik hasaplanmaýar we, ýokardan görkezme esasynda, wideo şekillerini ses ýazgylary bilen bilelikde ýazgy edýän wideo kameralar kassalaryň gapdalynda oturdylýar” diýip, Milli howpsuzlyk ministrligindäki bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, azygyň gymmatlamagynyň “adaty ýagdaýdygy” aýdylýar

Häkimiýetler tarapyndan dükanlara paýlanyp berlen wideo gözegçilik enjamlarynyň gije-gündiz işledilmegini üpjün etmeklik dükan eýelerinden talap edilýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän maliýe-ykdysady kynçylyklara garşy çynlakaý göreş alyp barmaga derek, ykdysady kynçylyklardan şikaýat edýän raýatlara garşy göreşmekde yzygiderli tankyt edilýär. Aşgabadyň dükanlarynda amal edilýän nobatdaky gözegçilik çäreleri häkimiýetleriň ilat arasyndaky nägilelik alamatlaryna bildirýän howatyrlanmalaryny açyp görkezýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, ilatyň güzeran şertleriniň barha ýaramazlaşmagy barada yzygiderli habar berip gelýär.

Remezan aýynyň bosagasynda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary mart aýynda Aşgabatda iýmit önümleriniň bahalarynyň 50 göterim ýokarlanandygyny habar berdiler. Munuň yz ýany, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde azyk harytlarynyň nyrhlarynyň 200 göterime çenli göterilendigi mälim boldy. Habarçylarymyz martyň ortalarynda Mary welaýatynda hem ençeme iýmit önümleriniň bahalarynyň ortaça 50 göterim gymmatlandygyny habar berdiler.

Bu habarlaryň yz ýany, häkimiýetler martyň soňky hepdesinde paýtagtyň býujet edaralarynda işgärler bilen ýygnaklary geçirip, azyk harytlarynyň gymmatlamagyny adaty ýagdaý hökmünde düşündirmäge synanyşdylar.

Dowam edýän gymmatçylyk, fewral aýynda ýurtda pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň hökümet tarapyndan ýokarlandyrylmagynyň yz ýany, unuň we çöregiň döwlet bahasynyň gymmatlamagy bilen bat aldy.

Degişli maglumat Häkimiýetleriň “çörek nobatsyz satylýar” düşünjesini döretmek tagallalary saklanýar

Gymmatçylyk dowam edýän mahaly, türkmen hökümeti apreliň birinji hepdesinde, ýurduň ykdysady ösüş depgininiň ýokary derejede saklanýandygyny, Jemi içerki önümiň ösüş derejesiniň 6,3 göterime barabar bolandygyny yglan etdi.

Şol gabatlar, has takygy 27-njy mart – 9-njy aprel aralygynda, Türkmenistanda bolup türkmen ykdysadyýetiniň ösüş depginini seljeren Halkara pul gaznasynyň ekspertleriniň beýanatynda hödürlän sanlary türkmen hökümetiniň aýdan sanlaryna gabat gelmedi. Halkara bilermenleri türkmen ykdysadyýetiniň ösüş derejesiniň resmi sanlardan üç esse az bolandygyny aýtdylar.

Ýöne harytlaryň we hyzmatlaryň ýokarlanýan bahalary ykdysadyýetiň ösüş depgini bilen bagly hakykaty açyp görkezmegi dowam etdirdi. Bu ýagdaýa parallel, häkimiýetleriň ykdysady krizisi ýaşyrmak synanyşyklary hem dowam etdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary geçen aýda häkimiýetleriň dükanlarda “çörek nobatsyz satylýar” diýlen düşünjäni ornaşdyrmak ugrunda tagalla edýändiklerini, çörek nobatlarynyň dükanlaryň daş ýüzünde gizlenilýändigini habar berdiler.

Apreliň soňky hepdesinde habarçylarymyz, paýtagtyň dükanlarynda ilatyň azyk ogurlamagy bilen bagly hadysalaryň artýandygyny habar berdiler.

Bu habarlaryň yz ýany, häkimiýetler ykdysady şertlerden nägile bolýan raýatlaryň arasynda gözegçilik çärelerini güýçlendirip, hökümetiň garşysyna nägilelik beýan edýän adamlary ýüze çykarmak işlerininiň depginini güýçlendirýärler.

“Täze oturdylýan wideo gözegçilik enjamlary arkaly ele geçiriljek ses ýazgylary Türkmenistanyň raýatlaryna garşy jenaýat işlerini gozgamakda ulanylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy MHM işgärini sitirleýär.

Synçylara görä, häkimiýetler dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, problemalara garşy göreşmäge derek, raýatlary gorkuzmak, olary sem etmek tejribelerini dowam etdirmegi saýlap alýarlar.

Degişli maglumat Bolup geçýän wakalar barada hiç ýerde, hatda öýde hem gep-gürrüň etmezlik tabşyrylýar

Türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň ýurtda we halkara areanasynda bolup geçýän wakalary özara ara alyp maslahatlaşmagyndan hem ynjalyksyz bolýar. Apreliň başlarynda Azatlygyň habarçylary bilim resmileriniň paýtagtyň mekdeplerinde ýörite ýygnaklary geçirip, mugallymlara we okuwçylara mekdebiň içinde we daşynda, ýurduň çäginde, halkara arenasynda bolup geçýän wakalar barada hatda öz öýlerinde hem gürrüň etmezligi tabşyrandyklaryny habar berdiler.

Häkimiýetleriň jemgyýetçilik ýerlerinde nägilelik beýan edýän adamlary ýüze çykarmak synanyşyklary ýylyň başlarynda hem güýçlendi. Azatlygyň habarçylary ýanwar aýynda howpsuzlyk edaralarynyň köpçülik ýerlerinde, duralgalarda we dermanhana nobatlarynda gözegçilik işlerini, häkimiýetlere garşy beýan edilýän tankytlar boýunça "hüşgärligi" artdyrandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary dekabr aýynda hem paýtagtyň döwlet dükanlarynda emele gelýän çörek nobatlarynyň häkimiýetler tarapyndan wideo ýazgy edilýändigini habar berdiler.

Azatlyk Radiosy dükanlara goşmaça wideo gözegçilik enjamlarynyň oturdylmagy barada Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurduň çäginde durmuş-ykdysady kynçylyklaryň hem-de syýasy howanyň ýitileşmegi barada habar bermeýär. Resmi metbugata görä, Türkmenistan “Gahryman Arkadagyň” hem-de “Arkadagly Serdaryň” “taýsyz tagallalary” netijesinde “öňe, diňe öňe” barýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.