Häkimiýetler köpçülik ýerlerinde ykdysady şertlere nägilelik bildirýän raýatlary anyklaýar

Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Çörek nobaty. Aşgabat. Fewral, 2020 ý.

Şu günler Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary köpçülik ýerlerinde agyr ykdysady şertlere aç-açan nägilelik bildirýän raýatlary ýüze çykarmak işlerini güýçlendirýärler. Şeýle hadysalaryň biri 27-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň Alyşir Nowaýy köçesiniň ugrunda ýerleşýän dermanhanalaryň birinde derman nobatyna garaşýan adamlaryň arasynda bolup geçdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

“Dermanhananyň öňünde derman nobatyna garaşýan bir erkek adam özüniň gaýgy-hasraty, ýitileşýän ykdysady problemalaryň arasynda agyrlaşýan ýaşaýyş-durmuş şertleri barada şikaýat bildirdi, zähmet hakynyň hassa ejesine derman satyn almaga-da doly ýetmeýändigini gürrüň berdi. Ol hökümetiň halkyň hal-ýagdaýyna biperwaý galýandygyny aýtdy” diýip, wakanyň şaýatlary aýdýar.

Degişli maglumat Çörek gytçylygy şäher we oba ýaşaýjylarynyň arasynda dartgynlylyk döredýär

Munuň yz ýany, derman nobatyna garaşýan beýleki bir ýaş ýigit nobatdan çykýar we ýygnananlara eşitdirip, arz-şikaýat bildirýän adam barada hukuk goraýjy edaralara telefon üsti bilen habar berýär.

Aradan sähel salym geçip-geçmänkä dermanhananyň öňünde polisiýa awtoulagy peýda bolýar. Polisiýa uniformasynda üç adam ulagdan düşüp, arz-şikaýat bildiren adamy tapýarlar we ony zor bilen ulaga mündürip alyp gidýärler.

“Olar nägilelik bildiren adamy golundan tutup, nobatdan çekip çykardylar. Soňra bolsa, onuň goluny gaňryp ulaga mündürdiler. Polisiýanyň gözenekli ulagynyň içinde hem ýygnanlara göz edip, birnäçe gezek ýumruk bilen onuň içine urdular” diýip, wakanyň şaýatlary gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy derman nobatyna garaşýan adamyň polisiýa tarapyndan alnyp gidilmeginiň töweregindäki beýleki detallary anyklap bilmedi.

Paýtagtly ýaşaýjylaryň ençemesi soňky wagtlarda köpçülik ýerlerinde, duralgalarda, dermanhanalarda we döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän azyk nobatlarynda raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň, ýa-da olaryň “jansyzlarynyň” nobatlara gözegçilik edýändigini aýdýarlar.

Ýatlasak, habarçylarymyz dekabryň başlarynda söwda ministrliginiň işgärleriniň we alyjylar jemgyýetleriniň hünärmenleriniň paýtagtyň döwlet dükanlarynda barlaglary geçirip, azyk nobatyna garaşýan adamlary wideo ýazgy edendiklerini habar berdiler.

Şonda bu wideo ýazgylar Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Gözegçilik bölüminiň döwlet dükanlarynda geçirýän barlaglary bilen düşündirildi.

Şeýle barlaglardan iki hepde çemesi soňra, 19-njy dekabrda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän 9 belgili azyk dükanynda hem ýeňillikli bahadan ilata hödürlenen unuň söwdasy häkimiýetler tarapyndan wideo ýazgy edildi.

Degişli maglumat Aşgabadyň häkimiýetleri azyk nobatlaryny wideo düşürýär

Şonda häkimiýetler un söwdasynyň we azyk nobatlarynyň wideo ýazgy edilmegini söwdanyň täze tertip-düzgüne görä alnyp barylmagyny üpjün etmek, hem-de unuň gapdalyndan alyjylara başga harytlaryň ýüklenilmezligine kepil geçmek tagallalary bilen düşündirdiler.

Türkmenistanda indi alty ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Hususan-da, üpjünçiligi pes hojalyklar döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýarlar.

Türkmen hökümeti durmuş ykdysady problemalary aç-açan boýun almaýar. Köpçülik ýerlerinde şeýle problemalara aç-açan nägilelik bildirýän raýatlar bolsa, häkimiýetleriň yzarlamalaryna sezewar bolýarlar.

“Döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan unuň we çöregiň nobatlary saklanyp galýar, dermanhanalarda derman nobatlary hem bolýar. Köpçüligiň içinde şeýle nobatlarda özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada gürrüň etmek isleýän, arz-şikaýat bildirýän adamlar hem bolýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne nägilelik bildirýän raýatlar häkimiýetleriň gözegçiliginden gutulyp bilmeýär.

Türkmenistanda häkimiýetler hökümetiň alyp barýan syýasatynyň tankytlanylmagyna, bar bolan durmuş-ykdysady problemalaryň beýan edilmegine çydamlylyk görkezmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.