Balkan welaýatynda häkimiýetler pagtaçy kärendeçileriň gowaça meýdanlaryna, olaryň öz razyçylygy bolmazdan, býujet işgärlerini ýygymçy hökmünde girizip, olaryň töleglerini we çykdajylaryny ýer eýelerinden talap edýärler. Bu talaplaryň hötdesinden gelip bilmedik daýhanlaryň kärende ýerleri ellerinden alynýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Bereket etrabynyň Oboý geňeşliginde hem-de Gyzylarbat etrabynyň Zaw we Paraw obalarynda pagtaçy kärendeçileriň hem-de ýerli ýygymçylaryň sezewar bolan mejbury şertleriniň jikme-jikliklerini öwrendi.
Häkimiýetler bu sebitlerde býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna çekip, olary ýerli kärendeçileriň gowaça meýdanlaryna girizýärler. Kärendeçiler mejbury ýygymçylary kabul etmäge mejbur bolýar. Üstesine, olar mejbury ýygymçylaryň çykdajylaryny hem öz harajatlarynyň hasabyna tölemäge mejbur bolýarlar.
Degişli maglumat Maryda býujet işgärleri pagta möwsümine pul tabşyrýar, pes hasyl pagtaçylary alada goýýar“Häkimlik resmileri býujet işgärlerini pagtaçy kärendeçileriň gowaça meýdanlaryna iberip, olaryň ýygan pagtasyna 1,5 manatdan nagt görnüşinde pul tölenmegini talap edýärler. Kärendeçiler býujet işgärlerini getiren awtobuslara, şeýle-de ýygnalan hasyly harmanhanalara daşan ýük ulaglaryna-da töleg geçirmeli” diýip, ýerli kärendeçiler aýdýar.
Şeýlelikde, häkimiýetler býujet işgärlerini pagta ýygmaga, pagtaçy kärendeçileri bolsa alaçsyz ýygymçylary kabul etmäge hem-de olaryň ýygan pagtasyna pul tölemäge mejbur edýärler.
“Häkimiýetler ýygymçylary gowaça meýdanlaryna goýberenlerinde ýer eýelerinden rugsat almaýarlar” diýip, kärendeçiler aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy günbatar welaýatyň gowaça ösdürip ýetişdirýän sebitlerinde 20 çemesi kärendeçiniň bu hili çykalgasyz, hökmany mejburylyklara duçar bolandyklaryny aýdýar.
Zaw obasynda 10 gektar ekerançylyk ýerini döwletden kärendesine alyp, gowaça ösdürip ýetişdirýän bir ýerli daýhan alaçsyz hökmanylyklar bilen baglylykda özüniň kärende ýerini ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz galýandygyny aýdýar.
“Häkimlik 50-den gowrak býujet işgärini meniň gowaça ýerime ýygymçy hökmünde girizdi. Birinji ýygym bereketli boldy, 3 tonna 900 kilogram çemesi pagtany harmana tabşyrdym. Tereziniň başynda menden 4 tonna çemesi pagta üçin býujetçi ýygymçylara takmynan 6 müň manat töleg geçirmegi, ýygymçylary daşaýan awtobuslara 500 manat, gowaça hasylyny harmanhanalara daşan ýük ulaglaryna bolsa, 400 manat töleg geçirmegi talap etdiler” diýip, kärendeçi daýhan aýdýar.
Ol ýygymçylara her bir kilogram pagta üçin 1,5 manatdan däl-de 1 manatdan töleg geçirilýändigini, şeýle-de döwlet harmanyna tabşyrylan pagta boýunça hasaplaşyk işleriniň oktýabryň ikinji ýarymynda geçirilýändigini aýdyp, garşylyk bildirýär.
“Men ýygymçylara 1 manatdan töleg geçirip bilerin, awtobus we beýleki tehnikalar bilen işim ýok” diýip, ýer eýesi aýdýar.
Ýöne daýhanyň bu sözleri häkimiýetler tarapyndan gazap bilen garşylanýar.
“10 gektar ýer alyp näme etjekdiň, saňa ýer ýok! Iş oňarýan başga bir adam ekin ekmeli!” diýip, meniň kärende ýerimi elimden aldylar. Bu talaňçylyk bolýar. Meniň ýerim gowy hasyl berýär. Her ýyl 25 sentinerden pagta tabşyrýardym. Resmiler ozal hem meniň ýerimi elimden aljak bolup, göz dikip ýördüler” diýip, pagtaçy daýhan aýdar.
Bereket etrabynyň Oboý geňeşliginde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir oba hojalyk hünärmeni kärendeçi ýer eýeleriniň prosentine pul alyp, ýygymçylar bilen hasaplaşyk işlerini geçirýändiklerini aýdýar.
Degişli maglumat Balkanda mejbury zähmete, pagta ýygymyna çekilen birnäçe esger gullukdan gaçdy“Döwlet oktýabr aýynyň 15-den soňra kärendeçiler bilen hasaplaşýar. Biz diňe şondan soňra pagtaçy kärendeçileriň hasabyna pul geçirip bilýäris” diýip, ýerli oba hojalyk hünärmeni aýdýar.
Ýurduň käbir sebitlerinde pagta möwsümine eýýäm awgust aýynyň ortalarynda, käbir sebitlerde bolsa awgustyň soňky hepdesinde girişildi. Ýygym möwsümi resmi taýdan 11-nji sentýabrda başlady.
Türkmenistanda kärendeçiler döwlet tabşyrygy esasynda gowaça ekip, ýetişdiren hasylyny döwlete satmaga borçlanýarlar. Döwlet kärendeçi daýhanlary dürli ýeňillikler bilen üpjün etmegi öz üstüne alýar.
Bu aralykda, üstümizdäki ýylyň hasylyndan Türkmenistanda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandy.
Nah pagtanyň tonnasy 1355-1500 manat bolanlygyndan, 4550-5000 manada göterildi.
Ýüpek pagtanyň tonnasy 1820-2000 manat bolanlygyndan, 6100-6700 manada göterildi.
Ýöne bu bahalara parallel, kärendeçi daýhanlar pagtanyň çykdajylarynyň hem ýokarlanandygyny aýtdylar.
Çöllük Türkmenistanda ýüzlerçe müň gektar meýdana gowaça ekilip, her ýylda 1 million 200 müň tonnadan gowrak pagta hasyly ýygnalýar.
Türkmenistanyň hökümeti ýyllarboýy pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär, ýöne häkimiýetler şeýle tankytlara gulak gabartmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.