20 ýaşly Güljemalyň gümürtik ölümi we onuň ejesiniň bu işi açyk derňmek barada edýän tutanýerli talaby halk içinde barha kän pikir alyşma sebäp bolup, jemgyýetçiligiň belli bir derejede janlanmagyna, özara ýagdaýda pikirini aýtmagyna sebäp bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Türkmenistanda mundan öň üsti açylmadyk ýa bassyr-ýussur edilen ölüm hadysalary bilen bagly işler köplenç bilinmän, ýa bilnip, esasan ejir çekeni meselesi bolup galan bolsa, indi adamlar bu ýagdaýa öz meseleleri hökmünde garap başlaýarlar diýip, ýasaýjylaryň biri aýtdy.
Güljemalyň Türkiýede ýaşaýan we işleýän ejesi Gülälek gyzynyň ölüminiň açyk we adalatly derňelmegini talap edip, ilki social mediada, soňra Azatlygyň efirinde açyk çykyş etdi. Bu adamlaryň öz hossarlarynyň öňündäki borçlaryny, graždan borçlaryny ýerine ýetirmäge, şonuň bilen bir wagtda adalatyň tarapynda durmaga çalyşýandyklaryny yşarat edýär.
Ol ýa-da beýleki meselede, şol sanda ölüm bilen bagly işleriň derňelişinde duş gelýän adalatsyzlyklar bilen ylalaşmasalar-da, türkmenistanlylar adatça öz kanuny derňew talaplaryny güýçlendirmekden, häkimiýetleriň gaharyny getirmekden çekinýärler.
Degişli maglumat Gyzynyň şübheli ölümi boýunça adalat gözleýän enäniň media çykyşlary polisiýa işjeňligini artdyrdyEmma gümürtik ýagdaýda ýogalan gyzyň ejesiniň edýän talaby Aşgabatda diňe diňe bir adaty raýatlaryň arasynda däl, eýsem, ýokary okuw jaýlarynyň binalarynda, döwlet we býujet edaralarynda işleýän aýal-gyzlaryň arasynda hem kän pikir alyşma sebäp boldy.
"Geçen ýyl şu günler fakultetimizde esasan marşirowkalar, lybaslar hem çäreler üçin ýygnalýan pul hakynda gürrüň eden bolsalar, bu ýyl adamlar "Olimpiýskide ýogalan gyzyň ejesiniň adalat talaby barada gürrüň edýärler. Olaryň içinde Gülälek ejäniň hereketlerini goldaýan köp, perzendini ýitiren enäniň adalat talaby onlarça ýyllap basylan halk sesiniň sem bolmajakdygyny görkezdi” diýip, TDH-nyň bir fakultetiniň mugallymy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, talyplar özara söhbetdeşlikde enäniň talabyny goldap, öz ene-atalarynyň hem Gülälek eje ýaly bolmagyny isleýändiklerini aýdýarlar.
"Gülälek gelneje ýaly, aç-açan pikirini aýdyp, internetde çykyş edýän ene-ata köp bolan bolsa, bize gul we mugt massowka çäreçi hökmünde däl-de, adam ýaly serederdiler" diýip, TDU-nyň ýokary kurs studenti aýtdy.
Onuň pikiriçe, durmuş bir ýerde durmaýar we adamlar ahyry öz pikirlerini aýdyp başlar.
"Studentlerimiz hem, mugallymlarymyz hem durmuşyň bir gezek berilýändigini we bu durmuşda adam ýaly ýaşamalydygyny dile getirip başladylar. Konserwatoriýanyň ýolbaşçylary bu hili "syýasy pikir alyşmalary" näçe ýok etmek isleseler-de, hakykatda olaryň gerimi diňe giňeýär” diýip, Maýa Kulyýewa adyndaky konserwatoriýanyň mugallymasy hem adamlaryň öňküleri ýaly ýaşamak islemeýändiklerini tassyk etdi.
Lebaply we maryly habarçylarymyz hem ilat arasynda ‘öz hak-hukugyňy talap etmekde dymmazlyk’ baradaky pikir alyşmalaryň köpelendigini aýtdylar.
"Gülälek eje perzendi üçin adalaty talap edip, iş ýüzünde syýasata goşuldy. Sebäbi türkmen häkimiýetleri üçin halkyň islendik meseläniň çözgüdini talap etmegi syýasat. Maryly ýaşaýjylaryň köpüsi Gülälegiň talabyny goldaýar, halkyň sesiniň prezidente ýetirilmegini goldaýar” diýip, Mary mekdepleriniň biriniň taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy aýtdy.
Degişli maglumat Bägüliň ölümine kim günäkär? 6 ýyl öň öz janyna kast eden gyzyň hossarlary adalaty gazanyp bilmeýärSosial torlardaky türkmen ulanyjylarynyň işjeňligini synlaýan paýtagtly synçynyň pikiriçe, Güljemalyň ölümi we onuň ejesiniň adalat talaby internet ulanyjylaryň "adalat, hak-hukuk, erkinlik we söz azatlygy” hakynda barha kän pikir edýändigini ýüze çykardy. Aslynda, ol internet ulanyjylaryň arasyndaky ‘pikir eşjejeňleşmesiniň’ ýyl başyndan bäri dowam edýändigini, ýöne awgust aýynda has güýçlenendigini öňe sürdi.
“Yzy üzülmeýän çäklendirmeleriň, sem etmeleriň, üzňeligiň fonunda… enäniň adalat talaby halk üçin belli bir derejede hasap nokady boldy, repressiýadan ýadawlyk we adalata teşnelik gorkudan üstün çykýar, adamlar öz raýdaşlygynyň sesini eşidip başlaýar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu reaksiýa häkimiýetler üçin "möhüm jaň". "Sesi eşidilmeýän jemgyýet lal bolmaýar, ol ir-u giç öz sesini eşitdirmek isleýär. Ol sesi öz wagtynda eşitmezlik hiç wagt häkimiýetleriň peýdasyna däl” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy.