Gyrgyzystanyň Oş sebitinde suw joşguny we bulanyk akymlaryň netijeleri

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, ölen dört adamyň; enäniň we onuň üç gyzynyň jesetleri tapyldy. Olar 14-nji iýulda Gyrgyzystanyň Oş sebitinde bolan sil zerarly ýitipdiler. Ölen iki gyzyň jesedi Özbegistanyň territoriýasynda – Andijan şäherinden çykdy.

Suratda: Oş sebitinde sil akymyndan soňky gözleg işleri

Ozgur obasyndaky ilat göçürilende hem bir adam ýogaldy.
 

Oşda Ak-Buura derýasy öz hanasyndan çykdy. Ol, aýratyn-da, ýerli bazary basdy.

Suratda: Oş bazarynda suw basandan soňky ýagdaý

Suratda: Oş bazarynda siliň netijeleri

Oş şäher häkimlik edarasynyň maglumatyna görä, Toloýkon etrapçasynda bulanyk akymlar ýedi ulagy äkidipdir. Şäherde jemi 134 jaýy suw basdy.

Suratda: Ak-Buura derýasy kenaryndan aşýar.

Suratda: Oş bazary silden soň

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, 15-nji iýuldan başlap, Oş welaýatyndaky Gara-Su etrabynyň Mady, Datka we Baş-Bulak obalarynda bolan suw joşguny zerarly jemi 642 jaýy suw aldy. 9 sany sosial merkez (dört mekdep, bir çagalar bagy, iki sany hassahana, bir muzeý, bir feldşer-akuşer merkezi) zaýalandy.

Gyrgyzystanyň ýollaryny we söwda merkezlerini arassalamak işlerine, Ýaragly Güýçleriň Oş garnizonynyň harby gullukçylary, ýüzlerçe halas edijiler we jemgyýetçilik hyzmaty kärhanalarynyň işgärleri sürlüpdir. Oş we Oş sebitinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Güýçli suw akymy bäş adamy ýok etdi. 44 ýaşly aýal we onuň 6, 10 we 19 ýaşly gyzlarynyň jesetleri tapyldy. Ýitenleriň bäşinjisi – 1985-nji ýylda doglan aýalyň jesedi 16-njy iýulda, Özbegistanyň Andijan şäherindäki kanaldan tapyldy.
 

Oş şäheriniň merkezi bazarynda 842 konteýner bolup, olardan 785 konteýneri suw basdy diýip, häkimlik edarasy habar berdi.

Bu ýyl Gyrgyzystanda ýaz-tomus möwsümi ýagynly boldy. Güýçli ýagýan ýagyşlar sebäpli, ýurduň ähli sebitlerinde diýen ýaly, wagtal-wagtal sil akymlary döredi.

 

Resmi maglumata görä, şu ýyl Gyrgyzystanda 230-dan gowrak palçykly akymlar hasaba alyndy. Netijede, 17 adam ýogaldy, olaryň aglaba köpüsi çagalardyr.
 

Mundan öň 20-nji aprelden 1-nji iýul aralygynda, palçykly akymyň 170 million somdan gowrak zyýan ýetirendigi habar berildi.
 

Gyrgyzystanyň Oş oblastynyň birnäçe etraplarynda bulanyk akymlar ilatly ýerleri basdy. Oşda Ak-Buura derýasy öz kenaryndan çykyp, golaýdaky bazary suw aldy. Şäherde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Azyndan bäş adam ýogaldy.