Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýew özüniň öňki prezident statusynyň dikeldilmegini sorap, gyrgyz parlamentine ýüz tutdy diýip, kanun çykaryjy Çolpon Soltanbekowa 5-nji sentýabrda habar berdi.
Akaýew 2010-njy ýylda, hökümete garşy protestler sebäpli Moskwa gaçanyndan bäş ýyl soň öz öňki prezident durumyndan mahrum edilipdi. Akaýew şol wagt korrupsiýa aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.
2023-nji ýylda, wagt möhletiniň geçmegi sebäpli, Akaýewe bildirilýän aýyplamalaryň ählisi ýatyryldy.
Akaýew 1990-2005-nji ýyllar aralygynda prezident bolupdy.
Ol Gyrgyzystany terk edeninden soň, köp ýyllap bu ýere gaýdyp gelmekden saklandy. Ýöne 2021-nji ýylda, Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň soraglaryna jogap bermek üçin, Bişkege birnäçe sapar etdi.