Gyrgyzystanyň hökümet başlygy wezipesinden çekildi

Akylbek Žaparow

Akylbek Žaparow 16-njy dekabrda hökümet başlygy wezipesinden çekildi diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy öz çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, ol prezident administrasiýasynyň işgärleri we Ministrler kabinetiniň agzalary bilen hoşlaşdy.

Žaparowyň wezipesinden çekilmeginiň sebäbi resmi taýdan yglan edilmedi.

Premýer-ministriň işinden aýrylýandygy baradaky karara Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow gol çekdi, hökümet başlygynyň wezipe-borçlary premýer-ministriň birinji orunbasary Adylbek Kasymalýewe ynanyldy.

Akylbek Žaparow hökümet başlygy we döwlet baştutanynyň administrasiýasynyň başlygy wezipelerinde 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda işlemäge başlady.

Ol Gyrgyzystanyň taryhynda iň köp işlän premýer-ministrleriň biri boldy.

Gyrgyzystanda premýer-ministriň wezipesi resmi taýdan ýok, ýöne şuňa meňzeş wezipäni ýerine ýetirýän, şeýle-de prezident administrasiýasyna ýolbaşçylyk edýän emeldara ministrler kabinetiniň başlygy diýilýär.