Gyrgyzystanyň gümrük gullugynyň ozalky başlygy Matraimowyň deslapky tussaglyk möhleti uzaldyldy

Raimbek Matraimow (arhiw suraty)

Gyrgyzystanda ýurduň ozalky gümrük gullugynyň başlygy Raimbek Matraimowyň deslapky tussaglyk möhleti azyndan 26-njy oktýabra çenli uzaldyldy. Bu barada Bişkegiň Birinji Maý etrap sudy 26-njy awgustda Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Matraimow ýurtdan 1 milliard dollar möçberinde pul serişdeleriniň çykarylmagy bilen bagly ýokary derejeli korrupsiýa işinde esasy şahsyýetleriň biri bolup geçýär.

Matraimow we onuň üç dogany martda Azerbaýjandan Gyrgyzystana ekstradisiýa edildi. Olar Günorta Kawkaz döwletinde gizlenýärdiler.

Doganlaryň arasyndan iň meşhury Raimbek, 2020-21-nji ýyllardaky korrupsiýa dawasy bilen ilteşikli hapa pullary ýuwmakda, adam ogurlamakda we adamlary bikanun ýagdaýda azatlykdan mahrum etmekde aýyplanýar.