Gyrgyzystanyň hökümeti döwlet dili – gyrgyz dilinde gürlemeýän hökümet resmileriniň işden boşadyljakdygyny habar berdi. Bu duýduryş prezident Sadyr Žaparowyň döwlet işgärlerinden, gyrgyz dilinde gürlemegi talap edýän kanuna gol çekeninden, birnäçe gün soň mälim edildi.
27-nji iýulda Gyrgyzystanda Döwlet dili we dil syýasaty boýunça komissiýasynyň başlygy Kanybek Osmonaliýew gyrgyzça geplemeýän emeldarlaryň ony öwrenmegine ýeterlik wagtyň bolandygyny nygtap, döwlet diliniň durkuny berkitmek ugrunda edilýän tagallanyň ençeme ýyllap dowam edýändigini aýtdy.
«Olara gyrgyzçany öwrenmäge üç-dört ýyl berildi, eger olar [yhlas eden bolsalar], onda alty aýda öwrenerdiler – diýip, Osmonaliýew jikme-jik düşündiriş bermän aýtdy. – Ähli möhletler eýýäm geçdi. [Gyrgyzça geplemeýän] resmiler işden boşadylar».
Bu kommentariýa prezident Sadyr Žaparowyň kanuna gol çekeninden birnäçe gün soň peýda boldy. Ol kanunda gyrgyz diliniň beýleki şertler bilen birlikde, ähli döwlet edaralarynda, parlamentde, kazyýetleriň, harby güýçleriň, ylmyň we medeniýetiň pudaklarynda peýdalanylmalydygy aýdylýar.
Galyberse-de, ähli telewideniýe we radio kanallary, ol döwlete degişli ýa-da hususy kanallar bolmagyna garamazdan, programmasynyň 60 göterimini gyrgyz dilinde ýaýlyma bermeli. Şonuň bilen bir wagtda, Sowetlerden soňky bu döwletde rus dilindäki telewideniýe örän meşhurdyr.
Kanuna laýyklykda, ähli döwlet işgärleriniň, şol sanda wezipeli adamlaryň; deputatlaryň, merkezi bankyň işgärleriniň, kanun goraýjy işgärleriň, kazylaryň, prokuratura işgärleriniň, ýuristleriň we notarius işgärleriniň gyrgyz dilinde erkin gürlemegi talap edilýär.
Gyrgyzystanyň Döwlet dili hakyndaky kanuny rus syýasatçylarynyň gaharyny getirdi, Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu kanuny “bütinleý demokratik däl” we “kemsidiji häsiýetli” diýip atlandyrdy.
Žaparow bu tankydy ret edip, kanunyň rus dilini kemsitmeýändigini aýtdy we onuň Konstitusiýa laýyklykda, resmi dil statusynda galýandygyny nygtady.
Bulardan başga-da, Žaparow rus diliniň ähmiýeti, hususan-da, onuň GDA ýurtlarynyň graždanlary üçin, aragatnaşyk serişdesi hökmünde ähmiýetiniň uludygy barada aýtdy. Onuň sözlerine görä, gyrgyz resmileri hatda Hytaýa, Ýakyn Gündogara we Ýewropa resmi saparlarynda-da ýygy-ýygydan, rus dilinde gürleýärler.
Rus dili Russiýanyň ýakyn ýarany hökmünde, Gyrgyzystanda giňden ýaýran, şoňa görä, köp etniki gyrgyzlar hem ony öz ene dili hökmünde ulanýarlar. «Siz hökümet resmileriniň we deputatlaryň çykyşlaryna serediň: ýarysy rusça, ýarysy gyrgyzça. Biziň hiç birimiz rusçany-da, gyrgyzçany-da ýeterlik derejede bilmeýäris» diýip, ol 24-nji iýulda beren interwýusynda düşündirdi.
Gyrgyzystan ilkinji gezek döwlet dili baradaky kanuny 1989-njy ýylda kabul etdi we soňra kanun birnäçe gezek üýtgedildi.
«Öňki kanunda "resminamalar döwlet ýa-da resmi dilde düzülýär" diýip ýazylypdy. Diňe "ýa-da" diýen sözüň utgaşdyrylmagy sebäpli dokumentler we iş kagyzlary 34 ýyllap rus dilinde ýazylyp gelindi. Biz ony [täze kanunda] aýyrdyk» diýip, Osmonaliýew mälim etdi.
Täze kanuna laýyklykda, ähli resmi ýazgylar we resminamalar gyrgyz dilinde ýazylmaly we döwlet dilinde alnyp barylmaly. Gerek bolan halatynda, döwlet diline we beýleki dillere terjime edilýär diýip, ol resmi düşündirýär.
Gyrgyzystan 1991-nji ýylda garaşsyzlyk alandan bäri, ýagny Merkezi Aziýanyň üç goňşy respublikasynda edilişi ýaly, gyrgyz hatyny kiril elipbiýinden, latyn elipbiýine geçmäge çagyryşlar edilýär. Emma Žaparow we onuň öňki egindeşleri şeýle çagyryşlara garşy durup geldiler.
Aprel aýynda Žaparow latyn elipbiýine geçmek barada gürrüň etmegiň «wagtyndan irdigini» aýtdy.
Degişli maglumat Gyrgyzystanda döwlet dili hakyndaky kanunyň kabul edilmegi bilen nämeler üýtgeýär hem muňa Russiýa näme üçin aladaly garaýar?
Ýurduň paýtagty Bişkek Merkezi Aziýada sowet döwründe goýlan atlaryny saklap gelýän ýeke-täk şäherdir. Şol sanda paýtagtda "sowet ýolbaşçysy" Wladimir Leniniň adyny göterýän etrap hem bar.
Geçen ýyl gyrgyzlaryň käbir etraplaryň atlaryny üýtgetmegi talap edip başlanlarynda, Russiýanyň syýasatçylary we köpçülikleýin habar serişdeleri muny "Bişkegiň rus dilini ret etmegine çagyryşy" diýip düşündiler we oňa "rus dilini doly gysyp çykarmaga tarap ilkinji kiçijik ädim" diýdiler.
Russiýanyň gahar-gazaply reaksiýasyna jogap bermek bilen Osmonaliýew 27-nji iýulda, "Dünýäniň hiç bir ýurdy rus diline Gyrgyzystandaky ýaly hormat goýmaýar" diýdi. Gyrgyzystandan daşary-da, rus dili öňki üç sowet respublikasynda: Belarusda, Gazagystanda we Täjigistanda iş ýüzünde resmi dil hasaplanýar.
«Rus resmileri Gyrgyzystanda rus diliniň gysylýandygyny aýdýarlar. Ýöne siz täze [kanuna] serediň, onda rus diliniň resmi dil hökmünde ulanylýandygy takyk görkezilýär. Gyrgyzystanyň Konstitusiýasynda hem şeýle diýilýär. Başga hiç bir ýurtda beýle zat ýok ýa-da biz muny 100 gezek gaýtalamalymy?!» diýip, Osmonaliýew nygtaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.