Gyrgyz prokurorlary merhum jenaýat ketdesiniň ejesine 10 ýyl tussaglyk soraýarlar

Kamçy Kolbaýaew 2023-nji ýylyň oktýabrynda öldürilipdi.

Gyrgyzystanda prokurorlar Bişkegiň sudundan merhum jenaýat ketdesi Kamçy Kolbaýewiň ejesi – Maýa Aliýewany, hapa pullary ýuwmakda günäli tapyp, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegini soradylar. Bu barada 5-nji awgustda aklawçy Baktybek Jumaşew Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Kolbaýaew 2023-nji ýylyň oktýabrynda Bişkekde polisiýanyň geçiren ýörite operasiýasynyň dowamynda öldürilipdi.

Ol Ýewraziýada neşe gaçakçylygy bilen meşgullanýan “Doganlaryň Halkasy” diýlip atlandyrylýan toruň ýolbaşçysy bolupdy.