Gyrgyz oppozisiýasy ýolbaşçysynyň tussag edilmegine garşy durar

Adahan Madumarow

Gyrgyzystanyň öňdebaryjy oppozisiýa partiýasy häkimiýetleriň özüni ýok etjek bolýandyklaryny we dönüklikde aýyplanýan partiýa lideriniň tussag edilmegine garşy göreşjekdigini aýtdy.

"Biz häkimiýetleriň öz ýolbaşçymyza we partiýa agzalaryna garşy gören çäreleriniň jenaýatdygyna ynanýarys" diýip, “Birleşen Gyrgyzystan” partiýasy 4-nji sentýabr güni giçlik sosial ulgamda ýazdy.

Prezident Sadyr Žaparowyň esasy bäsdeşi 2-nji sentýabrda tussag edileninden soň, oppozisiýadaky partiýa öz lideri Adahan Madumarowyň tussag edilmegine garşy göreşjekdigini aýtdy.

Madumarowyň derňewiniň jikme-jiklikleri köpçülige aýan edilmedi, ýöne ýerli habar beriş serişdeleri bu işiň 2009-njy ýylda baglaşylan täjik-gyrgyz serhet şertnamasy bilen baglanyşyklydygyny habar berdiler.

Aklawçysynyň aýtmagyna görä, Madumarow serhet şertnamasyna gol çekilmeginde oýnan roly sebäpli tussag edildi.

Adahan Madumarow bu şertnama gol çekilen wagtynda ýurduň Howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylyk edýärdi.

Parlament komissiýasy iýun aýynda bu şertnama boýunça geçirilmeli derňewi tassyk etdi.

Mundan öň bu şertnama prezident Sadyr Žaparow tarapyndan tankyt edildi, ol onuň Gyrgyzystanyň bähbitlerini gözden salandygyny aýtdy.

Kazyýet resmileriniň aýtmaklaryna görä, “Butun Gyrgyzystan” (Birleşen Gyrgyzystan) partiýasynyň lideri Madumarowyň derňew tamamlanýança, 24-nji oktýabra çenli tussaglykda saklanylmagyna garaşylýar.