Gymmatçylyk dowam edýär: Günebakar ýagynyň bahasy bir aýda tas iki esse çemesi ýokarlandy

lllýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda azyk harytlarynyň bahalary ýene-de gymmatlaýar. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň hususy söwda nokatlarynda 17 manatdan bahalanan günebakar ýagynyň bir litriniň bahasy birden 30 manada ýokarlandy. Tas iki esse çemesi ýokarlanma sarp edijileriň bazar sebedine agram salýar.

Gymmatlama meýillerini günebakar ýagy ýaly esasan daşary ýurtlardan import edilýän harytlarda has uly möçberlerde görse bolýar. Ýöne beýleki käbir iýmit önümleriniň nyrhlarynda hem gözçykgynç gymmatçylyk hasaba alynýar.

“Daşary ýurtlarda öndürilen günebakar ýagynyň bir litri aýyň başlarynda 17 manatdan satylýardy. Paýtagtyň merkezinde ýerleşýän dükanlarda 18 manatdan satylýardy. Garaşsyzlyk baýramynyň yz ýany, daşary ýurtlarda öndürilen günebakar ýagynyň käbir görnüşleri dükanlardan ýitirim boldy, beýleki görnüşleriniň bir litri 30 manada gymmatlady” diýip, bir paýtagt ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň aýrybaşga iki habarçysy paýtagtyň bazarlaryndaky we söwda nokatlaryndaky gymmatçylyk meýillerine esewan edýärler.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda günebakar ýagynyň üpjünçiligi birden peseldi, bahalar gymmatlady

Garaşsyzlyk baýramyndan bir gün ozal paýtagtyň dükanlarynda bäş litri 80 manatdan satylan pagta ýagynyň bahasy 20 göterim çemesi gymmatlap, 95 manada ýokarlandy.

Takyklap aýdylanda, paýtagtda ýerli pagta ýagynyň bir litri 16 manatdan 19 manada, daşary ýurtlarda öndürilen günebakar ýagynyň bir litri 17-18 manatdan 30 manada gymmatlady.

Ösümlik ýagynyň üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlar ýurduň dürli sebitlerinde awgustyň soňky hepdesinde ýitileşip başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 23-nji awgustda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň hususy söwda nokatlarynda orta hilli günebakar ýagynyň ortaça bahasynyň 18 manatdan 23-25 manada çenli birden gymmatlandygyny habar berdiler.

Şonda “Oleýna” we “Zlato” söwda nyşanly günebakar ýaglary 27 manatdan 35 manada çenli gymmatlady.

“Zolotaýa semeçka” ýaglarynyň bir litriniň bahasy 46 manatdan 55 manada çykdy.

Günbatar welaýatdaky iri telekçiler şonda, bir aýdan gowrak wagt mundan ozal daşary ýurtlardan import edilýän günebakar ýaglarynyň üpjünçiliginde bökdençlige garaşylýandygyny gürrüň beripdiler.

Soňky bahalar bilen bu çaklamalar hakykata öwrülýäne çalym edýär.

Türkmenistan 2021-nji ýyla çenli daşary ýurtlardan satyn alýan günebakar ýagynyň agramly bölegini Russiýadan satyn alypdyr. Şoňa çenli tas her ýylda Türkmenistana import edilen günebakar ýagynyň 90 göterimden gowragy Russiýanyň paýyna düşüpdir. Ýöne 2022-nji ýylda Türkmenistan bu ýagy esasan Türkiýeden import edip başlady. Degişli döwürde bu önümiň 73,4 göterimi Türkiýeden, 14,6 göterimi Azerbaýjandan we galan möçberleri Birleşen Arap Emirliklerinden hem-de Gazagystandan import edilipdir. Bu maglumatlar “Ykdysady çylşyrymlylyk” obserwatoriýasynyň statistikalaryna esaslanýar.

Ýöne Türkmenistanda häzirki wagtda dowam edýän gymmatlama meýilleri diňe bir ösümlik ýaglarynyň bahalaryny öz içine almaýar.

Degişli maglumat Maryda azyk önümleri ýene gymmatlady

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky ikinji habarçysy söwda pudagyndan habarly çeşmelere salgylanyp, towuk budunyň bahasynyň hem Aşgabatda 16 manatdan 40 manada çenli gymmatlamagyna garaşylýandygy aýdýar.

Bu çaklamalary söwda resmilerine tassykladyp bolmaýar, ýöne habarçylarymyzyň söwda çeşmelerine salgylanyp, mundan ozal habar berýän bazar çaklamalary amala aşýardy.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy Türkmenbaşy şäherinde Garaşsyzlyk baýramynyň arasynda towuk budynyň 25 manatdan satylandygyny habar berdi.

Bu bahalar ýurtda azyk harytlarynyň umumy bahalarynyň sebitlere görä tapawut edýändigini, olaryň gyradeň däldigini görkezýär.

Aşgabatda şäherinde habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli ýaşaýjy ýokarlanýan bahalaryň ilatyň girdejilerine gabat gelmeýändigini aýdýar.

“Türkmenistanda bagtyýar we berkarar zamanada ilatyň zähmet haklary tas 10 ýyl bäri ortaça 1500 manat bolmagynda galýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar we hususan-da soňky gymmatçylygyň ilatyň gapjygyna agram salýandygyny gaýtalaýar.

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda iň pes zähmet haky 1280 manat hökmünde kesgitlendi. Ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň her ýylda 10 göterim ýokarlandyrylýandygy nazarda tutulanda, 10 ýyl ozal, 2014-nji ýylda iň pes zähmet haky takmynan 500 manat töwereklerinde bolmaly. Bu ýagdaý aýlyklaryň 10 ýylda 160 göterim çemesi ýokarlanandygyny görkezýär. Ýöne bu ýokarlanmalara parallel harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary hem telim esse gymmatlaýar.

Üstesine, Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap öňki ýyllarda ilata mugt berlen ýeňillikler ýatyryldy, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň we hojalyk suwlarynyň üpjünçiligi tölegli görnüşe geçirildi.

“Towuk budunyň bahasy 16 manatdan 40 manada gymmatlasa, bu 2,5 esse ýokarlanma bolar. Arkadag ilatyň zähmet haklaryny hem 2,5 esse ýokarlandyrmaga gaýrat taparmyka?” diýip, paýtagtly ýaşaýjy aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenabat: döwlet dükanlarynda azygyň çäkli satylmagy adamlary aladalandyrýar

Mundan ozal, Garaşsyzlyk baýramynyň yz ýany Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy Hazar ýaka şäherde towuk ýumurtgasynyň bahasynyň tomsuň ortasyndaky bahalar bilen deňeşdirilende 25 göterim gymmatlandygyny habar berdi. Şol bir wagtda, sygyr eti Türkmenbaşy şäherinde tomsuň ortalaryndan sähel öňki bahalar bilen deňeşdirilende 40 göterim çemesi ýokarlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň bazarlaryndaky soňky gymmatlama meýilleri barada yzygiderli habar berip gelýär.

Awgust aýynyň ortalarynda Mary welaýatynda sygyr etiniň bahasy 30 göterim çemesi gymmatlap, 50 manatdan 65-70 manada çykdy.

Şeýle-de, awgustyň birinji hepdesinde gündogar Lebap welaýatynyň sebit merkezinde käbir azyk önümleriniň bahalary 100 göterim çemesi gymmatlady. Meselem, şonda ýurtda iň köp öndürilýän bakja önümleriniň biri bolan ýer almasynyň, kartoşkanyň bahasy 5 manatdan 10 manada ýokarlandy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy käbir azyk önümleriniň Teke bazardaky soňky bahalary barada habar berýär.

  • Günebakar ýagynyň 1 litri 30 manat
  • Ýerli pagta ýagynyň bäş litri 95 manat (1 litri 19 manat)
  • Pomidor 22 manat (1 kg)
  • Kartoşka 7 manat 80 teňňe (1 kg)
  • Ýokary hilli unuň 1 kilogramy 13 manat
  • Bananyň bir kilogramy 23 manat
  • Bulgar burç 7 manat 50 teňňe
  • Düýp soganyň bir kilogramy 5 manat
  • Ysmanak 1 kilogramy 10 manat

30-njy sentýabrda Türkmenbaşy şäherinde 30 däneden ybarat bir desse towuk ýumurtgasynyň ortaça bahasy 75 manada, sygyr etiniň ortaça bahasy 80 manada gymmatlapdy.

Bu bahalaryň ählisi nazarda tutulyp, ýokarda agzalan harytlaryň her haýsyndan bir kilogram satyn alnanda, takmynan 300 manat çemesi çykdajy etmeli bolýar.

Ýurtda pensiýalary hasaplamagyň binýatlyk möçberi 500 manat, döwlet kömek pullarynyň iň pes möçberi bolsa 470 manat hökmünde kesgitlenipdi.

Degişli maglumat Maryly ýaşaýjylar owgan halkyna iberilen haýyr-sahawat ýardamlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar

Hojalyklar diňe bir gök-bakja önümlerine däl, beýleki zerurlyklara-da çykdajy etmeli bolýarlar. Bu bahalaryň ählisi ýurtda resmi taýdan tassyk edilen iň pes aýlygyň ilatyň bazar sebedine düýbünden gabat gelmeýändigini görkezýär. Galyberse-de, bu bahalar hususan-da üpjünçiligi pes hojalyklara agyr urgy bolýar.

Türkmen hökümeti inçi ençeme ýyllardan bäri ýurtda ýitileşip dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklary boýun almaýar.

Döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri azyk howpsuzlygynyň ýaramazlaşýan ýagdaýy barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.