Gürjüstanyň separatist lideri protestçiler bilen ylalaşyk gazanylmandygyny aýtdy

Suhumi. Harby awtoulaglar

Gürjüstanyň Russiýanyň goldamagynda bölünip aýrylan Abhaziýa sebitinde dörän ýagdaý 17-nji noýabrda dartgynly bolmagynda galdy, özüni prezident atlandyrýan lider oppozisiýa bilen hiç hili ylalaşyk gazanylmandygyny aýtdy.

Moskwa bilen baglaşylan maýa goýum şertnamasyna garşy çykýan protestçileriň hüjüm edip, 15-nji noýabrda paýtagt Suhumidäki mejlis binasynyň içine girendigi we şindi hem şol ýerde galýandygy habar berildi.

Sebitiň de-fakto lideri Aslan Bžania 16-njy noýabrda, eger-de protestçiler Mejlis binasyny terk etse, özüniň işinden aýryljakdygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Bžaniýa şol günüň aýagynda dogduk şäheri Tamyşda öz hökümet agzalary bilen duşuşyp, "ýüze çykan ýagdaýy durnuklylaşdyrmagyň ýollary" barada maslahat etdi.