Gürjüstanyň prezidenti parlament saýlawlarynyň ýurduň geljegi üçin “kesgitleýji” boljakdygyny aýtdy

Gürjüstanyň prezidenti Salome Žurabişwili

Gürjüstanyň prezidenti Salome Žurabişwili ýurduň ýetip gelýän parlament saýlawlarynyň, bu Günorta Kawkaz döwleti üçin “Ýewropa bilen Russiýanyň arasyndaky saýlaw” boljakdygyny aýtdy.

Zurabişwili bu baradaky beýanatyny 26-njy oktýabrda parlament saýlawlaryny geçirmek baradaky karara gol çekenden soň yglan etdi. Ol ses berijileriň “urşy ýa parahatçylygy saýlamaly boljakdyklaryny” hem sözüne goşdy.

Ol bu saýlawlaryň Gürjüstan üçin “kesgitleýji” boljakdygyny, şeýle-de ozalky sowet respublikasynyň “öňümizdäki köp ýyllar üçin ykbalyny kesgitlejekdigini” aýtdy.

“Gürjüstanda hiç kim urşy islemeýär, hiç kim ony planlaşdyrmaýar... Bu ýa Russiýanyň guly bolmak ýa-da Ýewropa bilen hyzmatdaşlyk etmek saýlawydyr” diýip, Zurabişwili belledi.

Gürjüstanyň NATO we Ýewropa Bileleşigine agza bolmak baradaky uzak wagtlyk ymtylmalaryna garamazdan, soňky döwür gürji hökümetiniň barha köp Russiýa tarap ýykgyn edip başlamagy, onuň Günbatar bilen gatnaşyklaryny peseltdi.