Gürjüstanyň oppozisiýasy şikaýat kazyýetiniň daşynda ýygnanyşyk gurar

Saýlaw uçastoklarynda ýol berlen galplyklar we bidüzgünçilikler barada giň ýaýran aýyplamalaryň arasynda, 26-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawynda "Gürjüstan arzuwy" partiýasynyň ýeňendigini tassyklaýan netijelere protest bildirmek üçin, Gürjüstanyň oppozisiýasy 5-nji noýabrda täze demonstrasiýa geçirjekdigini yglan etdi.

Bu protest ýerli wagt bilen öýlän sagat 3-de, Tbilisidäki şikaýat kazyýetiniň daş işiginde yglan edildi we 4-nji noýabrda paýtagtda tapgyr ikinji gije, müňlerçe adamyň täze saýlawlary talap edip geçiren protest ýörişiniň yz ýanyna gabat gelýär.

Protestiň geçiriljek ýeri ilkibaşda Tbilisiniň sport köşgüniň daşy diýlip kesgitlenildi, ýöne soň üýtgedildi.

Tetritskaro kazyýeti, ses berişligiň gizlinliginiň bozulmagy sebäpli, 30 saýlaw uçastogynda hasaba alnan saýlaw netijelerini ýatyrdy, Gori kazyýeti bolsa, 15 saýlaw uçastogynda atylan inwalid býulletenleriň gaýtadan sanalmagyny buýurdy.