"Gürjüstanyň arzuwy" partiýasy Günbatar-tarapdar prezidenti wezipesinden çetleşdirmäge synanyşýar

Gürjüstanyň prezidenti Salome Žurabişwilini (arhiw suraty)

Gürjüstanyň häkimiýet başyndaky partiýasy ýurduň Günbatar-tarapdar prezidenti Salome Zurabişwilini wezipesinden çetleşdirmäge, ýagny ony impiç etmäge täzeden synanyşýar. “Gürjüstanyň Arzuwy” partiýasy Russiýa bilen barha ýakyn baglary gurup, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryny sowuklaşdyrdy. Impiçment synanyşyklary ýurt boýunça geçirilmeli umumy saýlawlardan birnäçe hepde öň amal edilýär.

Ýurduň konstitusiýasyna laýyklykda prezidentiň çäkli ygtyýarlyklary bar, emma “Gürjüstanyň Arzuwy” partiýasy, saýlawlarda agdyklyk etmek tagallalarynyň çäginde, Zurabişwiliniň hereketlerini oppozisiýa güýçlerini jebislendirmek ugrundaky synanyşyk hökmünde häsiýetlendirýär.

Parlamentiň spikeri Şalwa Papuaşwiliniň 7-nji oktýabrda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtmagyna görä, onuň partiýasy prezidenti täzeden impiç etmäge synanyşýar. Munuň Zurabişwiliniň konstitusiýanyň talaplaryny bozmagy, ýagny öňünden premýer-ministriň rugsadyny alman Brýussele, Fransiýa we Germaniýa resmi sapar etmegi bilen baglydygy aýdylýar.

Papuaşwili eger-de Konstitusiýa Kazyýeti Zurabişwiliniň kanuny bozandygyny barada höküm çykarsa, onda täze parlamentiň ony wezipesinden çetleşdirjekdigini belledi.

Häzir “Gürjüstanyň Arzuwy” partiýasynyň prezidenti aýyrar ýaly, parlamentde ýeterlik sesi ýok.