Gürjüstanda “daşary ýurt agentleri” kanuny güýje girdi

Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Kobakhidze (çepde) we prezidenti Salome Zurabişwili kanun babatyndaky jedellerini dowam etdirýärler.

Gürjüstanda müňlerçe media serişdelerini we raýat jemgyýetçilik guramalaryny, daşary güýçlere “hyzmat edýändigi” diýilýän tagma essaslanyp, abraýdan düşürjekdigine howatyr edilýän täze kanun güýje girdi.

1-nji awgustdan hereket edip başlan bu kanun, entek taslama wagty köp tankytlara sezewar bolupdy. Mundan iki aý ozal, Gürjüstanyň häkimiýet başyndaky partiýasy, ýurtda geçirilen köpçülikleýin protestlere we munuň ýurduň Günbatar bilen integrasiýasyna ýaramaz täsir edip biljekdi baradaky halkara duýduryşlaryna hem garamazdan, bu kanuny kabul etdi.

Gürrüňi gidýän kanuna garşy Konstitusiýa suduna ençeme şikaýat, şol sanda prezident Salome Zurabişwiliniň ýazan arzasy tabşyryldy.

Täze kanuna laýyklykda, habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary we beýleki telekeçilik däl guramalar, maliýeleşdirmegiň 20 göteriminden gowragy daşary ýurtlardan gelýän bolsa, “daşary ýurt döwletiniň bähbitlerini yzarlaýan” hökmünde hasaba alynmaly bolarlar.