Gürjüstanda 4.8 ballyk ýertitreme boldy

Illýustrasiýa suraty

17-nji iýulda irden Gürjüstanda 4.8 bal derejesinde ýersarsgyny boldy. Bu barada Kawkaz dölwetiniň Seýsmologiýa boýunça Milli gözegçilik merkezi habar berdi.

Maglumata görä, ýertitremäniň episentri paýtagt Tbilisiden 130 km günorta-gündogardaky Dedoplis Tskaro şäheriniň golaýynda bolupdyr.

ABŞ-nyň Geologiýa boýunça gözeçilik merkezi 4.1 bal derejesinde ýersarsgyny barada habar berdi we onuň 29 km çuňlukda ýüze çykandygyny belledi.

Ýerli wagt bilen ir sagat 6-larda dörän ýertitremäniň sarsgynlary Tbiliside hem duýuldy.

Adam ýitgileri we heläkçilikler barada bada-bat maglumat bolmady.